For optimal readability, we highly recommend downloading the document PDF, which you can do below.
Document Information:
- Year: 2000
- Country: Turkmenistan
- Language: Turkmen
- Document Type: Domestic Law or Regulation
- Topic: Social Enterprise
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
KÄRHANALAR HAKYNDA
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý.¸ № 2 ¸ 13 -nji madda)
(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32 -IV K anuny esasynda girizilen üýtgetmeler we
goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň ilkinji Prezi denti Saparmyrat Türkmenbaşynyň durmuş -ykdysady
baş ugrunyň esas goýujy ýörelgelerine laýyklykda Türkmenistanda kärhanalary döretmegiň, olaryň
hereketiniň we işini bes etmeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1 madda.
Kärhana
Kärhana hökmünde şu kanunyň talaplaryna laýyklykda önüm öndürmek, harytlary
ýerleşdirmek, ýerine ýetirilýän işler we bitirilýän hyzmatlar üçin jemgyýetiň zerurlyklaryny
kanagatlandyrmak we girdeji almak maksady bilen döredilýän ykdysa dy işiň özbaşdak subýekti
hasaplanýar.
2 madda. Kärhanalar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Kärhanalar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna
esaslanýar we şu kanundan, kärhanalaryň iş çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän
Türkmenistanyň gaýry kanunçylyk namalaryndan ybaratdyr.
3 madda. Kärhanalaryň hukuk ýagdaýy
1.Kärhananyň hukuk ýagdaýy – munuň özi kanunçylyk tertibinde kärhananyň hukuk subýekti
hökmünde hukuklarynyň we borçlarynyň berkidilen ulgamydyr.
2.Kärhana döwlet belligine alnan pursatyndan başlap, hukuk subýektine öwrülýär.
3.Kärhana öz adyndan hukuklara eýe bolýar we olary amala aşyrýar, öz üstüne borçlary alýar.
4 madda. Kärhanalaryň hukuklarynyň kepillikleri
1.Döwlet kärhanalaryň hukuklarynyň we onuň kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini
kepillendirýär, maddy, maliýe, zähmet we başga çeşmelere bolan rugsada deň mümkinçilikleri
üpjün edýär, erkin bäsdeşligiň ösüşine ýardam edýär.
2.Kärhananyň gulluk ýa-da telekeçilik syryny düzýän habaryň goralmagy kepillendirilýär.
3.Kärhananyň işine döwlet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň gatyşmagyna ýol
berilmeýär, muňa Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.
5 madda. Kärhananyň alamatlary
1.Kärhananyň öz hususy ady, hukuk adresi, möhüri bolýar.
2.Kärhananyň öz işinde peýdalanýan harytlyk we beýleki nyşanlaryny edinmäge haky bardyr.
6 madda. Kärhananyň ady
1.Kärhananyň öz ady bolýar. Kärhana öz ady bilen döwlet belligine alynmaga degişlidir.
2.Kärhananyň adynda şular bolmalydyr:
kärhananyň hereket edýän beýleki kärhanalardan tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän
takyk ady;
guramaçylyk -hukuk görnüşiniň doly aňladylyşy ýa -da onuň gysgaldylan baş harplary.
Kärhana eýýäm bellige alnan başga kärhananyň ady bilen gabat gelýän ýa- da döwlet belligi
edarasynyň kesgitlemegi boýunça meňzeş atlary peýdalanyp bilmez.
3.Kärhananyň filiallary we wekillikleri işi onuň adyndan amala aşyrýarlar.
4.Bellige alnan kärhananyň öz adyny harytlarda, olaryň daňylarynda, mazamnamalarynda,
asma ýazgylarynda, neşir synlarynda, hasaplarynda, resmi kagyzlarynda we özüniň işi bilen
baglanyşykly beýleki resminamalarynda peýdalanmaga kärhananyň aýratyn hukugy bardyr.
5.Daşary ýurduň gatnaşmagy bilen döredilýän kärhananyň adyna ony esaslandyryjylaryň
döwlete degişliligi hakyndaky görkezme goşulup bilner.
7 madda. Hukuk adresi
1. Kärhananyň hukuk adresi hökmünde onuň ýerleşýän ýerini kesgitleýän, edara görnüşindäki
taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna resmi ýagdaýda bellige alnan we şoňa girizilen adrese
düşünilýär.
2. Kärhananyň diňe bir hukuk adresi bolup biler.
8 madda. Kärhananyň möhüri
Kärhana öz işinde möhüri peýdalanýar. Kärhananyň möhründe kärhananyň resmi ady bolýar.
9 madda. Kärhanany dolandyrmak
1. Kärhanany dolandyrmagyň tertibi şu kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy
hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlenýär.
2. Ustaw hazynasynyň azyndan 70 prosenti döwlet serişdeleriniň we emläginiň hasabyna
düzülen kärhanany dolandyrmak döwlet kärhanasy üçin bellenilen dolandyryş ýörelgeleri esasynda
amala aşyrylýar.
10 madda. Kärhananyň işiniň möhletleri
Eger Türkmenistanyň kanunçylygy ýa-da kärhananyň esaslandyryş resminamalary bilen işiň
başga möhletleri bellenilmedik bolsa, onda kärhana iş möhleti çäklendirilmezden döredilýär.
II BAP. KÄRHANALARY DÖRETMEK
11 madda. Kärhanany döretmegiň umumy şertleri
1. Kärhana ony esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň) karary boýunça döredilýär.
2. Kärhanany esaslandyryjylar hökmünde hukuk kämillikli fiziki we edara görnüşindäki
taraplar, şol sanda daşary ýurtl aryň şeýle taraplary bolup biler.
3. Kärhanadan bir ýa -da birnäçe täze kärhananyň bölünip aýrylmagy, şeýle hem onuň
bölünmegi netijesinde kärhana döredilip bilner.
12 madda. Kärhananyň esaslandyryş şertnamasy
1. Kärhanany döretmegiň we onuň işiniň esasy hökmünde esaslandyryş şertnamasy
hasaplanylýar, şeýle şertnama kärhanany esaslandyryjylar tarapyndan baglaşylýar.
Esaslandyryş şertnamasy kärhananyň esaslandyryş resminamasy hasaplanýar.
2. Döwlet kärhanasy döredilende, şeýle hem, eger kärhana bir esaslandyryjy tarapyndan
döredilse, esaslandyryş şertnamasy baglaşylmaýar.
3. Esaslandyryş şertnamasynda şular bolmalydyr, ýagny:
kärhanany döretmek hakyndaky karar, kärhananyň ady we ýerleşýän ýeri.
esaslandyryjylaryň sanawyny;
eger esaslandyryjy edara görnüşindäki tarap bolsa, onda esaslandyryjylaryň adyny, hukuk
adresini, bank hökmany maglumatlaryny görkezmeli¸ eger esaslandyryjy fiziki tarap bolsa, onda
onyň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny görkez meli;
kärhanany döretmegiň tertibi ;
kärhanany döretmek boýunça esaslandyryjylaryň işini amala aşyrmagyň şertleri;
esaslandyryjylaryň, şeýle hem kärhanany döretmegiň we bellige almagyň barşynda döredilýän
kärhana wekilçilik edýän adamlaryň ygtyýarlarynyň kesgitlenilmegi;
ustaw hazynasynyň möçberi;
ustaw hazynasyna her bir esaslandyryjynyň geçiren pul goýumynyň ýa -da natural görnüşde
ýa -da emläk hukuklary görnüşinde geçiren goýumynyň pul bahasynyň düzümi, möçberi we
möhletleri hakyndaky maglumatlar;
ustaw hazynasyna goşmaça goýumlary girizmek hakynda karary kabul etmegiň tertibi, şeýle
hem goýumlary öz wagtynda geçirmezligiň netijeleri;
kärhananyň ustawyny tassyklamak hakynda karar;
girdejileri paýlamagyň we çykdajylary tölemegiň tertibi;
esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) kärhananyň düzüminden çykmagynyň tertibi.
Kärhananyň esaslandyryş şertnamasyna şu kanuna we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk
namalaryna garşy gelmeýän kärhanany döretmäge we onuň işine dahylly beýleki şertler hem
goşulyp bilner.
4.Esaslandyryş şertnamasynda kärhananyň işini ň özeni we maksatlary göz öňüne tutulyp
bilner.
5.Şertnama ähli esaslandyryjylar ýa-da olaryň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilýär.
Esaslandyryjylaryň wekilleriniň kärhanalary döretmäge we esaslandyryş şertnamasyna gol
çekmäge hukuk berýän degişli ygtyýarlary bolmalydyr. Esaslandyryjylaryň sanawyna girýän edara
görnüşindäki taraplar degişli edara görnüşindäki tarapyň adyndan ynanç hatsyz doly ygtyýarly
hereket etmäge öz ýolbaşçylaryny görkezip bilerler.
6. Esaslandyryş şertnamasynyň şertleri şol şert nama gol çeken
esaslandyryjylar, şeýle hem kärhana esaslandyrylandan we bellige alnandan soň oňa girýän
täze gatnaşyjylar üçin hem hökmanydyr.
13 madda. Kärhananyň ustawy
1. Kärhananyň ustawy edara görnüşindäki tarap hökmünde kärhananyň hukuk ýagdaýyny
kesgitleýän resminamasydyr. Kärhananyň ustawy kärhananyň esaslandyryş resminamasy
hasaplanylýar.
2. Ustawda şu aşakdakylar bolmalydyr, ýagny:
kärhananyň ady, hukuk adresi;
esaslandyryjylaryň sanawy;
eger esaslandyryjy edara görnüşindäki tarap bolsa, onda es aslandyryjylaryň adyny, hukuk
adresini, bank hökmany maglumatlaryny görkezmeli;
eger esaslandyryjy fiziki tarap bolsa, onda onuň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini
tassyklaýan resminamasyny görkezmeli;
kärhananyň işiniň maksatlary we görnüşleri;
ustaw hazynasynyň möçberi, kärhananyň emläginde esaslandyryjylaryň paýy hakyndaky
maglumatlar;
kärhana gatnaşyjylaryň paýlarynyň birinden beýlekä geçiş tertibi;
kärhanany dolandyrýan we oňa gözegçilik edýän edaralar, olary düzmegiň tertibi hakyndaky
maglumatlar we ygtyýarlygy;
girdejileri paýlamagyň we çykdajylary tölemegiň tertibi;
işi üýtgedip guramagyň we bes etmegiň şertleri.
Eger kärhana bir adam tarapyndan döredilýän bolsa, onda onuň ustawynda emlägi döretmegiň
we girdejileri paýlamagyň tertibi hem kesgitlenilýär.
Ustawda Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki düzgünler hem görkezilip
bilner.
3.Ustaw esaslandyryjylaryň umumy ýygnagynda biragyzdan tassyklanylmalydyr we ähli
esaslandyryjylar ýa-da olaryň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilýär. Kärhana bir tarap bilen
döredilen halatynda ustaw esaslandyryjy tarapyndan tassyklanylýar we gol çekilýär.
4.Ustawyň nusgalyklary, şeýle hem oňa soňraky girizilen üýtgetmeler hakyndaky ähli
resminamalar döwlet belligini amala aşyran edarada saklanylýar.
III BAP. KÄRHANALARYŇ DÖWLET BELLIGI
14 madda. Kärhanalaryň döwlet belliginiň maksatlary we wezipeleri
Kärhanalaryň döwlet belligi şu maksatlar üçin amala aşyrylýar, ýagny:
Türkmenistanda kärhananyň döredilendigi, şeýle hem onuň üýtgedilip guralandygy ýa -da
ýatyrylandygy hakyndaky hakykaty tassyklamak üçin;
Türkmenistanda döredilýän¸ şeýle hem üýtgedilip guralmaga ýa -da ýatyrylmaga degişli
kärhanalaryň ýeke- täk hasabyny ýöretmek üçin;
Türkmenistanyň çäginde döredilen¸ üýtgedilip guralan ýa -da ýatyrylan kä rhanalar hakynda
edara görnüşindäki we fiziki taraplary degişli habar bilen üpjün etmek üçin.
15 madda. Kärhanalaryň döwlet belligi
1. Kärhanalaryň döwlet belligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş mini strligi tarapyndan
onuň welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki kiçi bölümleri tarapyndan berilýän netijeler esasynda
amala aşyrylýar.
2. Kärhanalaryň döwlet belligini amala aşyrmak üçin sanawy şu kanunyň 17 maddasynda
bellenilen resminamalaryň hödürlenmegi talap edilýär.
3. Döwlet belliginden geçen kärhana döwlet belligi hakynda şahadatnama berilýär.
4. Döwlet belliginiň maglumatlary edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna
goşulýar¸ onuň eýesi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş minist rligidir.
5. Kärhananyň bellige alnandygy hakyndaky karar kabul edilenden soňra Türkmenistanyň
Ykdysadyýet we ösüş ministrligi edara görnüşindäki taraplaryň Ýeke- täk döwlet sanawyndan
göçürmäni on gün möhletde Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna, Türkmenistanyň
Statistika baradaky döwlet komitetine, Türkmenis tanyň Döwlet gümrük gullugyna, Türkmenistanyň
Merkezi bankyna iberýär.
Ikinji tesimi Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32 -IV Kanuny esasynda g üýjüni ýitiren.
16 madda. Kärhanany döwlet belligine almagyň möhleti
Kärhanany döwlet belligini almak hakynda ýa-da döwlet belligine almakdan ýüz öwürlendigi
hakynda esaslandyryjylar tarapyndan zerur resminamalar beren pursatyndan başlap¸ iki hepdäniň
dowamynda karar kabul edilýär.
17 madda. Kärhanany döwlet belligine almak üçin hödürlenilýän resminamalar
1. Kärhanany döwlet belligine almak üçin aşakdaky resminamalar hödürlenmelidir¸ ýagny:
kärhanany döwlet belligine almak üçin ony esaslandyryjy (esaslandyryjylar) ýa-da kärhanany
döretmäge esaslandyryjylar tarapyndan ygtyýarly edilen tarapyň gol çekilen arza;
esaslandyryş resminamalary;
Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda başgaça göz öňüne tutulmadyk bolsa, onda
kärhananyň döwlet belligi üçin alnan ýygymyň tölenendigini tassyklaý an resminama.
2. Kärhanany bellige almak hakyndaky arza şulardan ybarat bolmalydyr, ýag ny:
ady we hukuk adresi;
ustaw hazynasynyň möçberi;
esaslandyryjylaryň sanawyny;
eger esaslandyryjy edara görnüşindäki tarap bolsa, onda esaslandyryjylaryň adyny, hukuk
adresini, bank hökmany maglumatlaryny görkezmeli; eger esaslandyryjy fiziki tarap bolsa , onda
onuň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny görkezmeli.
Arzanyň ýanyna şular goşulmalydyr, ýagny:
pul görnüşli däl goýumy bolan kärhana döredilende goýumyň bahasy hakyndaky resminama;
kärhana döwlet belligine alynmazdan öň ustaw hazynasynyň bir bölegini töländigini
tassyklaýan resminama.
18 madda. Kärhananyň döwlet belligine alynmagyndan ýüz öwürmek
1. Kärhanany döwlet belligine almakdan ýüz öwürmäge şu halatlarda ýol berilýär, ýagny:
esaslandyryş resminamalary şu kanunyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda;
şu kanunyň 17 maddasynyň birinji punktunda göz öňünde tutulan resminamalaryň haýsydyr
biriniň esaslandyryjylar tarapyndan berilmedik ýagdaýynda;
kärhanany döretmegiň şu kanunda göz öňünde tutulan tertibi bozulan mahal ynda;
Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kärhananyň işiniň ähli görnüşleri gadagan edilen
halatynda.
Kärhanany bellige almakdan ýüz öwürmäge başga esaslarda ýol berilmeýär.
Kärhanany bellige almakdan ýüz öwrülen halatynda bellige alyjy edara bellige alm aga
hödürlenen resminamalary ýüz öwrülmeginiň sebäplerini ýazmaça görnüşde düşündirip, arzaça
gaýtaryp bermelidir.
2. Kärhanany bellige almakdan ýüz öwrülendigi, kärhanany bellige almak üçin bellenilen
möhletiň berjaý edilmändigi hakynda kärhanany esasland yryjylar tarapyndan suda arz edilip bilner.
19 madda. Döwlet belligine alnyşy hakyndaky şahadatnamanyň ikinji nusgalygy
Döwlet belligine alnyşy hakyndaky şahadatnama ýitirilen halatynda kärhananyň ýazmaça
arzasy esasynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ös üş ministrligi bäş kalendar günüň dowamynda
döwlet belligine alnyşy hakyndaky şahadatnamanyň ikinji nusgalygyny bermegi amala aşyrýar.
20 madda. Kärhanany döwlet belligine almak üçin ýygym
Kärhananyň döwlet belligine alnandygy üçin Türkmenistanyň Ministr ler kabineti tarapyndan
bellenilyän möçberlerde ýygym tölenilýär.
21 madda. Kärhanany gaýtadan bellige almak
1.Esaslandyryş resminamalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilende kärhana bu barada
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine bir hepdä niň dowamynda habar bermäge
borçludyr.
2.Kärhananyň adynyň üýtgedilip guralmagyny, onuň eýesiniň ýa -da hukuk adresiniň
çalyşmagyny, esaslandyryjylaryň düzüminiň, ustaw hazynasynyň möçberiniň ýa -da kärhananyň
işiniň görnüşiniň (görnüşleriniň), onuň guramaçy lyk-hukuk şekiliniň täzeden üýtgedilmegini, golçur
kärhanasynyň döredilmegini, onuň filialyny ýa -da wekilligini döretmegi göz öňünde tutýan
esaslandyryş resminamalaryndaky üýtgetmeler diňe kärhananyň gaýtadan bellige alynmagy
geçirilen pursatyndan güýje gi rýär.
Kärhanany gaýtadan bellige almak kärhanany bellige almak üçin göz öňünde tutulan tertipde
we möhletlerde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.
22 madda. Kärhananyň bellige alnyşyny ýatyrmak
1.Kärhanany ýatyrmak, batyp galmak hakyndaky önümçilik bilen baglanyşykly işler
tamamlananda, şeýle hem ýalňyş bellige alnanda ýa -da kärhananyň döredilmegi sud tarapyndan
hakyky däl diýlip ykrar edilende, döwlet belligini geçiren edara şol kärhananyň bellige alnyşyny
ýatyrmaga borçludyr.
2.Bellige alnyş, şonuň ýaly -da, kärhana gatnaşyjylaryň islendik biriniň ýa -da islendik üçünji
tarapyň talaby esasynda suduň çözgüdi bilen ýatyrylyp bilner.
3.Kärhananyň bellige alnyşyny ýatyrmak onuň edara görnüşindäki taraplaryň ýeke -täk döwle t
sanawyndan çykarylmagyna eltýär.
23 madda. Kärhananyň filiallarynyň we wekillikleriniň döwlet belligi
1.Kärhananyň filiallary we wekillikleri kärhanalary bellige almak üçin bellenilen tertipde
döwlet belligine alynmaga degişlidir we edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna
goşulýar.
2.Filialy we wekilligi bellige almak üçin aşakdaky resminamalar hödürlenilýär :
a) filialy ýa -da wekilligi döretmek hakynda kärhananyň ýolbaşçy edarasynyň karary;
b)filialyň ýa -da wekilligiň işiniň özeni hakynda maglumat;
ç) filially ýa-da wekilligi döredýän kärhananyň ustawynyň kopiýasy;
d)filialyň ýa -da wekilligiň işini alyp barmak tabşyrylan adamy bellemek hakynda karar;
e)filialy ýa -da wekilligi döredýän kärhananyň bellige alnandygy hakynda şahadatnama.
3.Filialyň ýa-da wekilligiň döredilendigi hakynda filialy döredýän
kärhananyň ýerleşýän ýeri boýunça sanawa habar berilýär.
IV BAP. KÄRHANALARYŇ IŞINIŇ
GURAMAÇYLYK-HUKUK GÖRNÜŞLERI
24 madda. Kärhanalaryň işiniň guramaçylyk -hukuk görnüşleri
Kärhanalar şu aşak daky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde işi amala aşyrýarlar, ýagny:
döwlet kärhanasy;
ýekebara kärhana;
hyzmatdaşlyk kärhanasy;
jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy;
hojalyk şereketi;
paýdarlar jemgyýeti.
2. Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan başga guramaçyl yk-hukuk görnüşli kärhanalaryň
hem döredilmegi göz öňünde tutulyp bilner.
25 madda. Döwlet kärhanasy
1. Döwlet kärhanasy – munuň özi döwlet serişdeleriniň hasabyna döredilen ýa -da bellenilen
tertipde döwlet eýeçiligine berlen kärhanadyr, ol özüne berkidi len emläge eýelik edýär, peýdalanýar
we ygtyýarlyk edýär.
2. Döwlet kärhanasy döwlet emlägine eýelik etmek, ondan peýdalanmak we ygtyýarlyk etmek
hukuklaryny Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde we çäklerde amala
aşyrýar.
3.Döwlet kärh anasynyň ustaw hazynasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň Ministrler
kabineti tarapyndan kesgitlenýär.
4.Döwlet kärhanasyny döretmegiň hukuk esasy Türkmenistanyň Ministrler kabineti ýa -da öz
ygtyýarlygyna laýyklykda ygtyýarly beýleki döwlet edarasy tarapynd an kärhanany döretmek
hakyndaky kabul edilen nama hasaplanylýar.
5. Döwlet kärhanasynyň işi bellenilen ter tipde bellige alnan kärhananyň ustawy
(düzgünnamasy) arkaly kesgitlenilýär.
6.Esaslandyryjy döwlet kärhanasynyň öňünde şu aşakdaky wezipeleri bellemäg e haklydyr,
ýagny:
hökmany işleri (tabşyryklary, ýumuşlary);
harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň bahalaryny we nyrhlaryny, şeýle hem olary hasaplamagyň
düzgünlerini;
esaslandyryjy tarapyndan işgärleri bellenilýän dolandyryş wezipelerini.
7.Döwlet kärhanasynyň düzüm gurluşy, şeýle hem döwlet kärhanasyny dolandyrmak ony
esaslandyryjy tarapyndan kesgitlenýär we kärhananyň esaslandyryş resminamalarynda berkidilýär.
8.Döwlet kärhanasy öz borçnamalary boýunça özüne degişli ähli emläk bilen jogap berýär.
Döwlet kärhanasy esaslandyryjynyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär,
kärhananyň esaslandyryjysy bolsa, kärhana berkidilen emläkden başgasyna, kärhananyň
borçnamalary boýunça jogap bermeýär.
26 madda. Ýekebara kärhana
1. Ýekebara kärhana diýlip, bir fiziki tarapa degişli bolan kärhana hasaplanylýar.
2. Ýekebara kärhana emlägiň eýesiniň çözgüdi boýunça döredilýär.
Ýekebara kärhananyň esaslandyryş namasy eýe tarapyndan tassyklanylýan onuň ustawydyr.
3.Ýekebara kärhana beýleki bir eýä degişli kärhananyň fiziki tarap tarapyndan edinilmegi
netijesinde döredilip bilner.
4.Ýekebara kärhananyň emlägi fiziki tarapyň emläginden, girdejilerden we beýleki kanuny
çeşmelerden emele gelýär.
5.Ýekebara kärhananyň ustaw hazynasynyň iň pes möçberi Türkmenistanda bellenilen zäh met
hakynyň iň pes möçberinden 25 esse möçberden ybarat bolmalydyr.
6. Ýekebara kärhanany dolandyrmak onuň eýesi tarapyndan amala aşyrylýar.
Ýekebara kärhananyň eýesi kärhananyň işlerini alyp barmagyň ygtyýarlaryny şertnama
(kontrakt) boýunça beýleki adama (dolandyryja, ýerine ýetiriji direktora) bermäge haklydyr.
7. Ýekebara kärhananyň eýesi ýekebara kärhananyň alan borçnamalary boýunça doly emläk
jogapkärçiligini çekýär.
27 madda. Hyzmatdaşlyk kärhanasy
1.Hyzmatdaşlyk kärhanasy diýlip, onuň işine her bi r agzasynyň
şahsy gatnaşmagyna esaslanýan kärhana hasaplanylýar.
2.Hyzmatdaşlyk kärhanasynyň emlägi onuň agzalarynyň pul we emläk tölegleriniň hasabyna,
şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik girdejileriň we başga
çeşmeleriň hasabyna emele getirilýär.
3.Hyzmatdaşlyk kärhanasynyň ustaw hazynasynyň iň pes möçberi Türkmenistanda bellenilen
zähmet hakynyň iň pes möçberinden 50 esse möçberden ybarat bolmalydyr.
4. Hyzmatdaşlyk kärhanasyny dolandyrmak hyzmatdaşlyk kärhanasynyň agzalaryn yň umumy
ýygnagy tarapyndan amala aşyrylýar.
Hyzmatdaşlyk kärhanasynyň işlerini alyp barmak üçin onuň umumy ýygnagy ýerine ýetiriji
edarany döredip biler.
Hyzmatdaşlyk kärhanasyny dolandyrmagyň we onuň işlerini alyp barmagyň tertibi ustaw
bilen kesgitlenilýär.
5. Hyzmatdaşlyk kärhanasy öz eýeçiliginiň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalary boýunça
jogapkärçilik çekýär.
Hyzmatdaşlyk kärhanasynyň paýçylary öz paýynyň çäklerinde kärhananyň borçnamalary
boýunça raýdaş jogapkärçilik çekýärler.
28 madda. Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy
1.Jemgyýetçilik guramalarynyň kärhanalary hökmünde jemgyýetçilik birleşikleri, dini
guramalar, haýyr-sahawat ýa -da gaýry jemgyýetçilik hazynalary tarapyndan döredilýän kärhanalar
hasaplanylýar.
2.Kärhanalary döretmek hukugy je mgyýetçilik guramalarynyň esaslandyryş
resminamalarynda berkidilen bolmalydyr.
Jemgyýetçilik guramalarynyň kärhanalarynyň işi jemgyýetçilik guramalarynyň esasy
maksatlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bolmalydyr.
3. Jemgyýetçilik gur amalarynyň kärhanalary şol guramalaryň serişdeleriniň we (ýa -da)
beýleki esaslandyryjylaryň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan
gadagan edilmedik beýleki pul we emläk serişdeleriniň hasabyna döredilýärler.
4.Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasynyň ustaw hazynasynyň iň pes möçberi
Türkmenistanda bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberinden 100 esse möçberden ybarat
bolmalydyr.
5.Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasyny dolandyrmagyň tertibi kärhananyň ustawy bilen
kesgitlenilýär.
6.Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy özüne degişli ähli emläk bilen öz borçnamalary
boýunça jogap berýär.
Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy onuň eýesiniň emläk borçnamalary boýunça
jogapkärçilik çekmeýär, kärhananyň eýesi kärhana berkidilen emläkden başgasyna, kärhananyň
borçnamalaryna jogap bermeýär.
29 madda. Hojalyk şereketi
1.Hojalyk şereketi diýlip, bilelikdäki işi amala aşyrmak üçin iki we şondan köpräk fiziki we
(ýa-da) edara görnüşindäki taraplaryň birleşigi hasaplanylýar.
2.Hojalyk şereketi ony esaslandyryjylaryň arasynda baglaşylýan şertnama esasynda
döredilýär.
3.Hojalyk şereketiniň emlägi hojalyk şereketine gatnaşyjylar bolan fiziki we (ýa -da) edara
görnüşindäki taraplaryň ustaw hazynasyndaky paýlaryň (goýumlaryň) birleşmeginiň hasabyna
emele gelýär.
4. Hojalyk şereketiniň ustaw hazynasynyň iň pes möçberi Türkmenistanda bellenilen zähmet
hakynyň iň pes möçberinden 100 esse möçberden ybarat bolmalydyr.
5. Hojalyk şereketiniň ýokary edarasy oňa gatnaşyjylaryň umumy ýygnagydyr. Umumy
ýygnagy çagyrma gyň we geçirmegiň möhletleri, tertibi hojalyk şereketiniň esaslandyryş
resminamalary bilen kesgitlenilýär.
Hojalyk şereketini dolandyrmagyň tertibi we onuň işlerini alyp barmak ustaw bilen
kesgitlenilýär.
6.Emläk jogapkärçiliginiň görnüşlerine baglylykda g atnaşyjylar şereketiň borçnamalary
boýunça öz ähli emlägi bilen biri-biri bilen raýdaş jogapkärlik çekýän hojalyk şereketi döredilip
bilner, şeýle hem gatnaşyjylar tarapyndan şereketiň ustaw hazynasyndaky öz goýumlarynyň
(paýlarynyň) möçberleriniň çäklerinde jogapkärlik çekýän hojalyk şereketleri döredilip bilner.
30 madda. Paýdarlar jemgyýeti
Paýdarlar jemgyýetini döretmegiň we onuň iş tertibi «Paýdarlar jemgyýetleri hakyndaky»
Türkmenistanyň kanuny tarapyndan kesgitlenilýär.
V BAP. GOLÇUR KÄRHANALARY, FILIALLAR WE WEKILLIKLER
31 madda. Golçur kärhanalary, filiallar we wekillikler
1. Kärhanalaryň edara görnüşindäki tarapyň hukugy bilen golçur kärhanalaryny döretmäge
hukugy bardyr.
Eger kärhananyň ustaw hazynasynyň ýa -da emläginiň 50 prosentden köp, ýöne 100
prosentden az bölegi başga kärhana degişli bolsa, şonuň ýaly kärhana garanda ol golçur kärhanasy
bolýar.
Golçur kärhanasy kärhanalary döwlet belligine almak üçin şu kanun tarapyndan bellenilen
tertipde döwlet belligine alynmaga degişlidir.
2. Kärhan alaryň öz filiallaryny we wekilliklerini döretmäge hukugy bardyr, ýöne olar edara
görnüşindäki tarap däldirler.
Kärhananyň filiallarynyň we wekillikleriniň hukuk ýagdaýy Saparmyrat Türkmenbaşynyň
Türkmenistanyň Graždan kodeksi bilen kesgitlenilýär.
Kärhananyň filiallary we wekillikleri şu kanunyň 23 maddasynyň düzgünlerine laýyklykda
döwlet belligine alynmaga degişlidir.
3. Türkmenistanyň kärhanalary daşary ýurt döwletleriniň çäklerinde olaryň milli
kanunçylygyna laýyklykda we Türkmenistanyň halkara şertnam alary esasynda özüniň golçur
kärhanalaryny, filiallaryny, wekilliklerini we beýleki aýry kiçi bölümlerini döretmäge haklydyr.
VI BAP. BILELIKDÄKI IŞ KÄRHANALARYŇ BIRLEŞIGI
32 madda. Kärhanalaryň bilelikdäki işi
Kärhanalar bilelikdäki iş hakyndaky şertna ma boýunça şerekete birleşip bilerler. Şereketi
döretmegiň we onuň iş tertibi Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Graždan kodeksi
tarapyndan düzgünleşdirilýär.
33 madda. Kärhanalaryň birleşigi
1.Kärhanalar öz aralaryndaky şertnama boýunça edara görn üşindäki tarapyň hukuklaryna eýe
bolan assosiasiýalara, konsernlere we birleşikleriň beýleki görnüşlerine birleşip bilerler.
2.Assosiasiýanyň, konserniň we birleşigiň beýleki görnüşiniň düzümine girýän kärhana öz
özbaşdaklygyny, edara görnüşindäki tarapyň hukuklaryny we borçlaryny saklap galýar.
3.Assosiasiýa, konsern we birleşigiň beýleki görnüşi şolara girýän kärhanalar tarapyndan
tassyklanylan ustaw esasynda hereket edýärler we olar bilen baglaşylan şertnamalar esasynda öz
wezipelerini ýerine ýetirýärler. Olaryň işiniň maksady we esasy wezipeleri olara girýän
kärhanalaryň işleri ýa-da islegleri bilen baglanyşykly bolmalydyr.
4.Assosiasiýa, konsern we birleşigiň beýleki görnüşi kärhanalary döwlet belligine almak üçin
şu kanun tarapyndan bellenilen tertipde döwlet belligine alynmaga degişlidir.
5.Assosiasiýa, konsern we birleşigiň beýleki görnüşi oňa girýän kärhanalaryň borçnamalary
boýunça jogap bermeýär, kärhanalar bolsa, eger birleşigiň ustawy tarapyndan başgaça göz öňünde
tutulmadyk bolsa, birleşigiň borçnamalary boýunça jogap bermeýärler.
VII BAP. KÄRHANALARYŇ YKDYSADY IŞINIŇ ESASLARY
34 madda. Kärhananyň iş çygry
1.Eger kärhananyň işiň amala aşyrylýan görnüşleri, ulanylýan usullar we serişdeler
Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilen zat lara degişli bolmasa, kärhananyň iş
çygry çäklendirilmeýär.
2.Türkmenistanyň Ministrler kabineti diňe döwlet kärhanalary tarapyndan amala aşyrylýan
işiň görnüşlerini kesgitläp biler.
3.Kärhana işiň bir ýa-da birnäçe görnüşini amala aşyrmaga haklydyr.
4.Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan diňe ýörite rugsat
(ygtyýarnama) esasynda amala aşyrylýan kärhanalaryň işiniň aýratyn görnüşleri kesgitlenýär.
Ygtyýarnamalar kärhanalara şolar döwlet belligine alnandan soň berilýär.
5.Kärhanalar ähli kararlary öz başlangyjy boýunça kabul etmäge we ygtyýarynda kanun
esasynda bar bolan emlägi peýdalanmak bilen, eger olar Türkmenistanyň hereket edýän
kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa, islendik hereketi amala aşyrmaga haklydyr.
35 madda. Kärhanalaryň buhgalteriýa hasaby we hasabatlylygy
1. Kärhanalar buhgalteriýa hasabyny we hasabatlylygy buhgalteriýa hasaplaşygynyň
Türkmenistanda bellenilen kanunçylyga we ölçeglere laýyklykda alyp barýarlar.
Işleriň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrýan kärhanalar üçin Türkmenistanyň kanunçyl ygy
tarapyndan buhgalteriýa hasabyny we hasaplaşygyny alyp barmagyň başga düzgünleri hem göz
öňünde tutulyp bilner.
2. Kärhanalar statistik hasabatlylygy «Döwlet statistikasy hakyndaky» Türkmenistanyň
kanuny tarapyndan bellenilen tertipde alyp barýarla r we berýärler.
36 madda. Kärhanalara bank hyzmaty
1. Kärhana pul serişdelerini saklamak we hasaplaşygyň, karz almagyň we kassa hereketleriniň
ähli görnüşlerini amala aşyrmak üçin Türkmenistandaky banklaryň birinde özüniň hasaplaşyk,
walýuta we beýleki h asapnamasyny açmaga haklydyr.
2. Kärhanalaryň Türkmenistanyň çäklerinden daşardaky banklarda öz hasapnamasyny
açmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.
3. Kärhanalar karzlyk şertnamalarynyň we hasaplaşyklarynyň düzgünlerini Türkm enistanyň
kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde berjaý edilmegi üçin doly jogapkärçilik çekýärler.
37 madda. Kärhananyň pul hasaplaşyklary
1.Kärhananyň beýleki kärhanalar bilen öz borçnamalary boýunça pul hasaplaşyklary, düzgün
boýunça, nagt pulsyz edilýän hasaplaşyk tertibinde bank edaralarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
2.Kärhananyň nagt pul hasaplaşyklary hasaplaşyklaryň, karzlaýyn we kassa hereketlerini
amala aşyrmagyň Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanylan tertibe laýyklykda
geçirilýär.
38 madd a. Kärhanalarda nyrhyň emele gelmegi
1. Kärhana öz önümlerini, işlerini, hyzmatlaryny, önümçilik galyndylaryny özbaşdak bellän
nyrhlary we tarifleri boýunça ýa -da şertnamalaýyn esasda, Türkmenistanyň kanunçylyk namalary
tarapyndan göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, döwlet nyrhlary boýunça ýerleşdirýär.
2. Döwlet önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşlerine
nyrh babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrmaga haklydyr.
39 madda. Daşary ykdysady iş
Kärhana daşary ykdysady işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar.
40 madda. Kärhanada işgärleriň zähmeti peýdalanylanda gatnaşyklaryň resmileşdirilişi
1. Kärhana öz işini işgärleriniň zähmetini peýdalanmak bilen amala aşyrýar. Kärhanan yň we
işgäriň gatnaşyklary zähmet şertnamasy (kontrakt) ýa- da potrat şertnamasy arkaly
düzgünleşdirilýär.
Işgäriň ýagdaýyny Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunçylygy bilen deňeşdirilende
ýaramazlaşdyrýan zähmet şertnamasynyň (kontraktyň) şertleri hakyky däldir.
2. Kärhana işgärlere zähmete häk tölemegiň Türkmenistanda bellenilen iň pes möçberini,
zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerini we durmuş taýdan goramagyň çärelerini üpjün edýär.
3. Kärhana işgäriň saglygyna ýetirilen zyýan üçin Türkmenistanyň kanunç ylygy tarapyndan
bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýär.
4. Kärhananyň işgärleriniň durmuş we saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy, pension we durmuş
üpjünçiligi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan düzgünleşdirilýär.
5. Kärhanany durmuş taýdan ösdürmegiň, işgärleriň zähmetini goramagyň meseleleri
toparlaýyn şertnama arkaly düzgünleşdirilip bilner.
41 madda. Kärhanalara salgyt salynmagy
Kärhanalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda salgytlary we beýleki hökmany
tölegleri töleýärler.
42 madda. Önümler iň, işleriň, hyzmatlaryň hiline bildirilýän talaplar
1. Kärhanalar özleriniň öndürýän önümleriniň, ýerine ýetirýän işleriniň, hyzmatlarynyň hili
üçin jogapkärçilik çekýärler.
2. Döwlet ölçegleri tarapyndan bellenilen önümler, işler, hyzmatlar şol ölçegle re laýyk
gelmelidirler.
Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan halatlarda kärhana tarapyndan
ýerleşdirilýän önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň hiliniň tassyklaýyş şertnamasy ýa -da degişli laýyk
nyşany bolmalydyr.
43 madda. Kärhananyň girdej isi
1. Kärhananyň girdejisi onuň işiniň umumylaşdyrylan görkezijisi bolup durýar.
2.Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan özleri üçin bellenilen salgytlary we býujete
beýleki hökmany tölegleri töleýänçä kärhananyň öz girdejilerine ygtyýarlyk etmäge haky ý okdur.
3.Salgytlar we býujete beýleki hökmany tölegler we serişdeler tölenilenden soň galýan girdeji,
eger onuň esaslandyryş resminamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda kärhananyň
ygtyýaryna gowuşýar.
44 madda. Kärhanalaryň işine gözegçilik
1.Audite degişli kärhanalaryň maliýe işine gözegçilik «Türkmenistanda auditorlyk işi
hakyndaky» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2.Türkmenistanyň kanunçylyk namalary tarapyndan özlerine kärhanalaryň işine kontrollyk we
gözegçiligi amala aşyrmak wezipesi ýüklenilen salgyt, tebigaty goraýyş we beýleki edaralar öz
ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kärhanalaryň işine barlaglary amala aşyrýarlar.
VIII BAP. KÄRHANANYŇ EMLÄGI. KÄRHANANYŇ
USTAW HAZYNASY
45 madda. Kärhananyň emlägi
1. Kärhanalary ň emlägi edara görnüşindäki we fiziki taraplara degişli bolan, Türkmenistanyň
kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik girdejilerden we beýleki çeşmelerden alnan emläkden
emele gelýär.
2. Emläk goýumy hökmünde pul serişdeleri (manatlardan we (ýa -da) daşary ýurt
walýutasynda), gymmatly kagyzlar, beýleki zatlar, emläk hukuklary ýa -da pul gymmaty bolan
beýleki hukuklar bolup biler.
Şahsy emläk däl hukuklar we beýleki maddy däl eşretler görnüşinde goýum goýulmagyna ýol
berilmeýär.
3. Ustaw hazynasyna goýulýan emläk gymmatlyklary esaslandyryjynyň (gatnaşyjynyň)
eýeçiligi bolmalydyr, olaryň beýany aňrybaş derejede takyklanylan bolmalydyr. Goýulan emläk
goýumynyň bahasy esaslandyryş şertnamasy baglaşylýança gatnaşyjylar (esaslandyryjylar) bilen
ylalaşylmalydyr.
4. Goýum hökmünde kärhana emläkden peýdalanmak hukugy berlen halatlarynda bu
goýumyň möçberi esaslandyryş resminamalarynda görkezilen möhletiň tutuş dowamynda
peýdalanmak üçin hasaplanylyp çykarylan töleg arkaly kesgitlenilýär.
Umumy ýygnagyň razylygy bolmazdan, emlägiň möhletinden öň alynmagyna ýol berilmeýär,
ony peýdalanmak hukugy kärhananyň ustaw hazynasyna goýum bolup hyzmat edýär.
Eger esaslandyryş resminamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda tötänleýin
heläk bolmak ýa-da kärhana peýdalanma k üçin berlen emlägiň zaýalanmak (hatardan çykmak)
howpy emlägiň eýesiniň üstüne ýüklenilýär.
5. Kanunçylyk namalary we esaslandyryş resminamalary arkaly kärhananyň ätiýaçlyk we
beýleki hazynalaryny döretmek göz öňünde tutulyp bilner.
6. Kärhananyň emlägi onuň balansynda göz öňünde tutulýar.
46 madda. Kärhananyň ustaw hazynasy
1.Kärhananyň ustaw hazynasy esaslandyryjylar (gatnaşyjylar) tarapyndan pul serişdelerini,
şeýle hem emlägi (jaýlary, desgalary, maşynlary, enjamlary, materiallary we ş.m.), pul baha sy bolan
emläk we beýleki hukuklary goýmak ýoly bilen ony esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň)
goýumlarynyň jeminden emele gelýär.
2.Eger esaslandyryş şertnamasy tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, her bir
gatnaşyjynyň ustaw hazynasynyň umumy je mine bolan goýum gatnaşygy gatnaşyjynyň ustaw
hazynasyndaky paýy bolup durýar. Şeýle paý bütiniň bir bölegi görnüşinde ýa -da prosentlerde
aňladylyp bilner. Esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) kärhananyň ustaw hazynasyndaky
goýumlarynyň (paýlarynyň) möçberi , eger şu kanun tarapyndan başgaça bellenilmedik bolsa,
esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) arasyndaky ylalaşyk boýunça takyklanylýar.
3.Degişli guramaçylyk-hukuk görnüşlerindäki kärhanalaryň ustaw hazynasynyň möçberi şu
kanun tarapyndan bellenilen pes möç berlerden az bolup bilmez.
4. Iş hakyny, baýraklary we beýleki tölegleri tölemäge peýdalanmak ýoly bilen ustaw
hazynasynyň möçberini azaltmaga kärhananyň hukugy ýokdur. Kärhananyň ustaw hazynasynyň
möçberi diňe şu kanun tarapyndan bellenilen halatlarda azaldylyp bilner.
47 madda. Ustaw hazynasyna goýumlary (paýlary) goýmagyň möhletleri
1. Esaslandyryjylar (gatnaşyjylar) tarapyndan goýumlary (paýlary) goýmagyň anyk möhletleri
kärhananyň esaslandyryş resminamalarynda görkezilmelidir. Esaslandyryş resminamalaryna gol
çekilenden soňky döwürde we kärhanany bellige almak hakyndaky arza berilýänçä esaslandyryjylar
tarapyndan goýumlaryň bellenilen möçberiniň azyndan 50 prosentiniň goýulmagy hökmanydyr.
2.Pul we (ýa-da) emläk goýumynyň ikinji bölegi kärhana bellig e alnandan soň ýylyň
dowamynda goýulýar.
3.Ustaw hazynasy şu kanun tarapyndan kesgitlenilen möhletlerde doly tölenilmedik halatynda
kärhana özüniň ustaw hazynasynyň azalýanlygy hakynda yglan etmelidir we bu ahwalaty bellenilen
tertipde bellige almalydyr ýa -da öz işini ýatyrylmagy arkaly bes etmelidir.
48 madda. Goýumy (paýy) goýmagyň möhletini geçirmegiň hukuk netijeleri
1.Eger esaslandyryjy (gatnaşyjy) kärhananyň ustaw hazynasyna bellenilen möhletde we
şertlenilen möçberde goýumy (paýy) goşmasa, onda oňa goýumyň ýetmeýän bölegni goşmagyň täze
möhletini görkezmek bilen duýduryş iberilýär. Goýumuň galan bölegini goşmak üçin goşmaça
möhlet üç aýdan köp bolmaly däldir.
2.Eger goýumyň (paýyň) ýetmeýän bölegini goşmak baradaky borçnama berlen goşmaça
möhletde hem ýerine ýetirilmese, onda gatnaşyjylaryň umumy ýygnagy bergidary kärhana
gatnaşyjylaryň düzüminden çykarýar we oňa bu barada habar berýär.
3.Şu maddanyň ikinji bölegi esasynda çykarylan gatnaşyjy goýumyny (paýyny) tölemän
kärhana ýetiren zyýany üçin jogapkärlik çekýär.
4.Kärhananyň galan gatnaşyjylary çykarylan gatnaşyjynyň goýumyny (paýyny) ustaw
hazynasyndan çykaryp ýa -da ustaw hazynasyna goýumy (paýy) özleriniň goýumlarynyň ululygyna
ölçegdeş doly möçberde töläp (goýup) hem bilerler. Şeýlelikde, olaryň goýumlary (paýlary) tölenen
(goýlan) pullaryň ululygyna artýar.
5.Ustaw hazynasyndan çykarylan goýum (paý) ýa -da ol galan gatnaşyjylar tarapyndan
tölenilen (goşulan) halatynda çykarylan gatnaşyjy ustaw hazynasyna diňe öz goşan (tölän) goýum
(paý) bölegini yzyna gaýtaryp almaga bolan hukygy bardyr.
49madda. Kärhananyň ustaw hazynasynyň artmagy
1. Kärhananyň ustaw hazynasyny artdyrmak hakyndaky karar kärhananyň ustawyna
üýtgetmeler girizmek bilen gatnaşyjylaryň umumy ýygnagy tarapyndan kabul edilýär. Kärha nanyň
ustaw hazynasyny artdyrmaga onuň doly töleginden soň ýol berilýär.
2. Kärhananyň ustaw hazynasyny artdyrmak şu aşakdaky ýollar arkaly amala aşyrylyp bilner:
a) kärhananyň ähli gatnaşyjylary tarapyndan geçirilýän goşmaça ölçegdeş goýumlar bilen;
b) ustaw hazynasynyň möçberini kärhananyň hususy maýasynyň hasabyna, şol sanda
ätiýaçlyk maýasynyň hasabyna artdyrmak bilen;
ç) kärhananyň sap aktiwlerine (hususy maýasyna) täzeden nyrh kesmek bilen, olaryň hakyky
bahasy olaryň balans bahasyndan ýokary geçýär. Täzeden nyrh kesmek işi diňe garaşsyz bilermenler
tarapyndan geçirilip bilner;
d) bir ýa -da birnäçe gatnaşyjylar tarapyndan muňa galan ähli gatnaşyjylaryň razylygy bilen
goşmaça goýumlaryň goýulmagy bilen.
e) kärhananyň düzümine täze gatnaşyjylary kabul et mek bilen.
3. Ustaw hazynasynyň möçberi şu maddanyň ikinji bölegindäki «a», «b», «ç» punktlarynda
göz öňünde tutulan tertipde artan wagtynda esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) paýlarynyň
möçberleri üýtgemeýär.
4. Ustaw hazynasy şu maddanyň ikinji bölegini ň «d» we «e» punktlarynda göz öňünde tutulan
tertipde artanda, ähli gatnaşyjylaryň ustaw hazynasyndaky paýlaryna olaryň öňki tölegleriniň
möçberini hasaba almak bilen täzeden hasaplaşyk geçirilýär.
50 madda. Kärhananyň ustaw hazynasynyň azalmagy. Goýumla ryň (paýlaryň) yzyna
gaýtarylmagy
1. Kärhananyň ustaw hazynasynyň azaldylmagy kärhana gatnaşyjylaryň ählisiniň
goýumlarynyň möçberini ölçegdeş azaltmak ýoly bilen ýa -da aýry- aýry gatnaşyjylaryň paýlaryny
doly ýa-da bölekleýin üzülişmek arkaly amala aşyryp bolar.
Munuň üçin gatnaşyjylaryň umumy ýygnagy kärhananyň ustawyna üýtgetmeler girizmek
hakyndaky karary kabul edýär. Kärhana ustaw hazynasyny azaltmak bilen baglanyşykly
hasaplaşyklary diňe kärhanany şu kanunyň 21 maddasyna laýyklykda gaýtadan bellige al magy
geçireninden soň geçirmäge haklydyr.
2. Eger kärhananyň nobatdaky maliýe ýylynda eden işiniň jemleri boýunça onuň sap
aktiwleriniň bahasy ustaw hazynanyňkydan az bolsa, onuň işiniň birinji ýyly muňa girmeýär, onda
kärhana ony gysgaltmaga we ustaw hazynasyny bellenilen tertipde bellige almaga borçludyr. Eger
sap aktiwleriň bahasy ustaw hazynasynyň iň pes möçberinden hem aşak düşse, onda kärhana
ýatyrylmaga degişlidir.
3.Ustaw hazynasy gatnaşyjynyň paýyny üzülişmek ýoly bilen azaldylanda galan
gatnaşyjylaryň paýlary ölçegdeş üýtgeýärler.
4. Kärhananyň ustaw hazynasynyň azaldylmagyna onuň ähli kreditorlaryna habar berlenden
soňra ýol berilýär. Kreditorlar kärhananyň borçnamalaryny möhletinden öň ýerine ýetirmegi ýa -da
bes etmegi hem -de özlerine ýetirilen ý itgileriň öwezini dolmagy talap etmäge haklydyr.
5. Kärhananyň dolandyryjy edaralary ustaw hazynasyny azaltmak hakyndaky karary çap
etmäge borçludyrlar, kärhananyň gös -göni kreditorlaryna bolsa, bu hakda karar çykarylandan soň 15
günüň dowamynda ýazmaça mä lim edilmelidir. Bildirişde ustaw hazynasynyň azaldylmagyna
närazy kreditorlar bilen boýun alnan borçnamalar esasynda üpjün etmäge ýa -da üzülişmäge
taýýardyklary hakynda habar bolmalydyr.
6. Eger bildiriş çap edilenden ýa -da her birine aýratyn habar edil en gününden soň 30 güne
çenli möhletde olar özleriniň närazylygy barada ýazmaça arz etmeseler, onda ustaw hazynasynyň
azaldylmagy boýunça kreditorlaryň razylygy alyndygy hasap edilýär.
7. Döwlet kärhanasynyň ustaw hazynasy «Türkmenistanyň buhgalterlik hasa baty» hakyndaky
kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda azaldylyp bilner.
8. Goýumyň yzyna gaýtarylmagy ustaw hazynasynyň azaldylmak hakyndaky bellige alnandan
soň 12 (on iki) aýyň geçmegi bilen hem bolup biler. Gatnaşyja goýumy nyň gaýtarylyp berilmeginiň
hasabyna kärhananyň ustaw hazynasynyň azalan soňky möçberi şu kanun tarapyndan bellenilen iň
pes möçberden az bolup bilmez.
IX BAP. KÄRHANANYŇ ÜÝTGEDILIP GURALMAGY
51 madda. Kärhananyň üýtgedilip guralmagy
1. Üýtgedip gurama k – munuň özi ýatyrmak çäresini geçirmezden kärhanany gaýtadan
döretmekdir.
2. Kärhanany goşulmak, birleşmek, bölünmek, aýrylmak, täzeden döretmek görnüşde
üýtgedip guramak ony esaslandyryjynyň ýa -da kärhananyň şeýle etmäge esaslandyryş
resminamalary tarap yndan ygtyýarly edilen ýokary dolandyryjy edarasynyň meýletin gelen karary
esasynda amala aşyrylyp bilner.
3. Türkmenistanyň kanunçylyk namalary arkaly bellenilen halatlarda, bir kärhananyň
düzüminden bir ýa -da birnäçe kärhanany bölmek ýa -da bölünip aýrylm ak görnüşde kärhanany
üýtgedip guramak ygtyýarly döwlet edaralarynyň karary boýunça ýa -da suduň karary boýunça
amala aşyrylýar.
4.Türkmenistanyň kanunçylyk namalary arkaly bellenilen halatlarda goşulmak ýa -da
birleşmek gornüşinde kärhanany üýtgedip guramak diňe ygtyýarly döwlet edaralarynyň razylygy
bilen amala aşyrlyp bilner.
5. Üýtgedilip guralan kärhananyň ähli hukuklarynyň we borçlarynyň mirasdüşerleri üýtgedip
guramak ýoly arkaly täze döredilen we öz işini bellige alnandan soň dowam etdirýän kärhana bolup
durýar. Üýtgedip guralan kärhananyň emlägi Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda ýa -da
üýtgedip guramak baradaky kararda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onuň bellige alnan
pursatyndan başlap, onuň emlägi miras hakly adama düşýär.
6. Üýtgedilip gur alan kärhana şu kanun tarapyndan bellenilen tertipde döwlet belligine
alynmaga degişlidir.
52 madda. Kärhanalaryň goşulmagy, birleşmegi
1. Iki ýa -da birnäçe kärhananyň goşulmagy olaryň emläginiň doly birleşdirilmegi esasynda
täze kärhanany döretmek arkal y amala aşyrylýar. Goşulmaga gatnaşýan kärhanalar öz işlerini bes
edýärler. Şunlukda olaryň her biriniň ähli hukuklary we borçlary tabşyryş namasyna laýyklykda
täzeden döredilýän kärhana geçýär.
Eger birleşýän kärhanalaryň gatnaşyjylarynyň hukuklary we bor çlary ustaw hazynasyna paý
gatnaşygy ýörelgesi boýunça esaslanmadyk bolsa, onda kärhanalaryň goşulýandygy hakyndaky
kararda täze kärhananyň gatnaşyjylarynyň hukuklary we borçlary kesgitlenilmelidi r.
2. Bir ýa -da birnäçe kärhananyň başga bir kärhana birleşm egi goşulýan kärhanalaryň
emläginiň özüne birleşdirýän kärhananyň emläginiň üstüne goşulmagy arkaly amala aşyrylýar.
Şonda goşulýan kärhanalar edara görnüşindäki taraplar hökmünde öz işlerini bes edýärler, olaryň
ähli hukuklary we borçlary bolsa tabşyryş namasyna laýyklykda olaryň goşulýan kärhanasyna
geçýär, onuň dörediji resminamalaryna üýtgedip guramak bilen baglanşykly üýtgetmeler goşulýar.
Goşulýança hereket eden, soňra goşulan kärhanalara gatnaşyjylaryň ustaw hazynasyndaky paý
gatnaşygynyň baglanyşygy goşulýan kärhanalaryň onuň düzümine giriş şertlerine laýyklykda üýtgäp
biler.
3. Kärhanalaryň goşulýandygy, birleşýändigi hakyndaky kararlar ýa -da şertnamalar esasynda
goşulýan, birleşýän kärhanalara gatnaşyjylar esaslandyryş ýygnagynda esaslandyryş şertn amasyny
işläp düzýärler, oňa gol çekýärler, özara goşulanlarynda bolsa, täzeden döredilen kärhananyň
ustawyny tassyklaýarlar hem onuň ýerine ýetiriji we beýleki edaralaryny saýlaýarlar.
53 madda. Kärhanalaryň bölünmegi, bölnüp aýrylmagy
1.Kärhananyň bölünmegi şol kärhananyň emlägini täzeden döreýän iki ýa -da birnäçe
kärhananyň arasynda paýlamak arkaly amala aşyrylýar. Şonda bölünýän kärhanalaryň hukuklary we
borçlary bölüji balansa laýyklykda täzeden ýüze çykýan kärhana geçýär. Kärhananyň bölünmegi
onuň e dara görnüşindäki tarap hökmünde hereket etmegini bes edýär.
2. Kärhanadan bir ýa -da birnäçe kärhananyň bölünip aýrylmagy oňa degişli bolan emlägiň
bölünip aýrylmagy we onuň täzeden ýüze çykýan bir ýa -da birnäçe kärhana geçirilmegi arkaly
amala aşyrylýar. Şonda üýtgedilip guralýan kärhananyň hukuklarynyň we borçlarynyň bir bölegi
bölüji balansa laýyklykda täzeden döreýän kärhana geçýär. Özünden başga bir kärhana bölnüp
aýrylan esasy kärhana ykdysady işiň özbaşdak subýekti bölünip galmagyny dowam etdirýär.
3. Eger ustaw hazynasyna paý gatnaşygy ýörelgesine esaslanan kärhananyň ustawy
tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ol bölünende, bölünip aýrylanda her bir
gatnaşyjynyň üýtgedilip guralýan kärhananyň ustaw hazynasyndaky özüniň bar bolan paýyna
barabar paýy täzeden döreýän kärhanalaryň her biriniň ustaw hazynasyndan almaga haky bardyr.
Kärhanalar bölünende, bölünip aýrylanda gatnaşyjylaryň ustaw hazynasynda bölünmäge çenli
hereket eden paý gatnaşygy täze döredilen kärhanalarda üýtgemegi mümkin.
54 madda. Ygtyýarly döwlet edarasynyň ýa- da suduň kärhanany mejbury ýagdaýda
bölmek, bölüp aýyrmak hakyndaky kararynyň ýerine ýetirilmeginiň netijeleri
1. Eger kärhana suduň karary boýunça mejbury ýagdaýda üýtgedilip guralanda bölmek, bölüp
aýyrmak işlerini geçirmäge ygtyýarly ýerine ýetiriji edaralar suduň kararynda kesgitlenilen
möhletde kärhanany bölmegi, bölüp aýyrmagy amala aşyrmasa, onda sud bu kärhananyň emlägine
ynanylan dolandyryjyny belleýär we oňa bölmegi, bölüp aýyrmagy tabşyrýar.
2. Ynanylan dol andyryjy bellenilen pursatyndan başlap kärhanany dolandyrmak boýunça
ygtyýarlyklar oňa geçýär.
3. Ynanylan dolandyryjy sudda kärhananyň adyndan çykyş edýär, bölüji balansy düzýär we
ony kärhanalaryň bölünmegi, bölünip aýrylmagy netijesinde döreýän esasland yryş resminamalary
bilen bilelikde suduň tassyklamagyna berýär. Görkezilen resminamalaryň sud tarapyndan
tassyklanylmagy täzeden döredilýän kärhanalaryň döwlet belligine alynmagy üçin esas bolýar.
55 madda. Kärhananyň gaýtadan üýtgedilmegi
1.Kärhananyň gaýtadan üýtgedilmegi onuň guramaçylyk – hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi
bilen tamamlanylýar.
2. Kärhananyň bir guramaçylyk – hukuk görnüşinden başgasyna üýtgedilmegi üýtgedilýän
kärhananyň hereket etmeginiň bes edilmegine we onuň esasynda täze kärhananyň d öremegine
getirýär.
3.Täze döredilen kärhana tabşyryş namasyna laýyklykda üýtgedilen kärhananyň mirasdüşeri
bolýar.
4. Kärhana üýtgedilende esaslandyryjylaryň onuň guramaçylyk – hukuk görnüşiniň
üýtgedilmegine çenli hereket eden paý gatnaşygynyň täze döredi len kärhanada üýtgemegi mümkin.
56 madda. Kärhana üýtgedilip guralanda tabşyryş namasy we bölüji balans
1. Kärhana üýtgedilip guralanda düzülýän tabşyryş namasynda we bölüji balansynda
üýtgedilip guralýan kärhananyň ähli kreditorlar we bergidarlar babatd a, jedelleşýän taraplaryň
borçlaryna goşmak bilen ähli borçnamalary boýunça mirasdüşerlik hakyndaky düzgünler öz
beýanyny tapmalydyr.
2. Tabşyryş namasy we bölüji balans kärhananyň gatnaşyjylary ýa- da kärhanany üýtgetmek
hakynda karar kabul eden edara tarapyndan tassyklanylýar.
3. Tabşyryş namasy we bölüji balans täze döredilen kärhanany döwlet belligine aldyrmak ýa-
da hereket edýän kärhananyň dörediji dokumentlerine üýtgetmeler girizmek üçin esaslandyryş
resminamalar bilen bilelikde tabşyrylýar.
Tabşyryş namasynyň we bölüji balansyň dörediji resminamalar bilen bilelikde berilmezligi,
şeýle hem olarda üýtgedilip guralýan kärhananyň borçnamalary boýunça mirasdüşerlik hakyndaky
düzgünleriň bolmazlygy täze döredilen kärhanany döwlet belligine almakdan boýun gaç yrylmagyna
getirýär.
57 madda. Üýtgedilip guralýan kärhananyň kreditorlarynyň hukuklarynyň kepillikleri
1. Üýtgedilip guralmaga gatnaşýan her bir kärhana üýtgedip guramak hakyndaky kararyň
kabul edilen pursatyndan başlap, bu hakdaky karary üýtgedilip gur alýan kärhananyň kreditorlaryna
ýazmaça görnüşde habar bermäge ýa-da resmi metbugat edaralarynda degişli habary (bildirişi)
ýerleşdirmäge borçludyr.
2. Üýtgedilip guralýan kärhananyň kreditorynyň bergidardan borçlaryny möhletinden öň
ýerine ýetirmegini ýa -da olary özüne amatly kanuny usul (hasaplaşyk geçirmek, şertnamany
ýatyrmak ýoly arkaly) bilen bes etmegi we şonuň bilen ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmagy talap
etmäge haky bardyr.
3. Eger bölüji balans üýtgedilip guralan kärhananyň mirasdüşerlerini kes gitlemäge
mümkinçilik bermese, onda täzeden ýüze çykýan kärhanalar üýtgedilip guralan kärhananyň
borçnamalary boýunça onuň kreditorlarynyň öňünde raýdaşlyk jogapkärçiligini çekýärler.
X BAP. KÄRHANANYŇ IŞINIŇ TOGTADYLMAGY WE BES EDILMEGI.
KÄRHANANYŇ ÝATYRYLMAGY
58 madda. Kärhanalaryň işiniň togtadylmagynyň we bes edilmeginiň esaslary we tertibi
1. Kärhananyň işi meýletin ýa -da mejbury tertipde, şeýle hem şu maddada göz öňünde tutulan
ahwalatlar aralaşan halatynda bes edilip bilner.
2. Kärhananyň işi meýl etinlik tertibinde islendik wagtda şu aşakdakylaryň kabul eden
kararlary esasynda bes edilýär:
döwlet kärhanasynyň, jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasynyň eýesiniň;
ülüş (paý) eýeçiliginiň hukugyna esaslanan kärhananyň ähli gatnaşyjylarynyň.
Kärhananyň işini bes etmek hakyndaky karar, eger oňa onuň gatnaşyjylarynyň ýarysy ses
beren bolsa, eger onuň esaslandyryş resminamalary tarapyndan başga ýagdaý göz öňünde
tutulmadyk bolsa, onda kabul edildi diýlip hasaplanylýar.
3. Kärhananyň işi mejbury tertipde suduň karary boýunça şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
a)batyp galmak netijesinde;
b)bellige alnanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy bilen baglanşyklylykda
kärhananyň bellige alnyşynyň hakyky däldigi ykrar edilende, onuň tersine özgermeýän häsiýeti
bolýar;
ç) eger ol ygtyýarnama almaga degişli bolup, işini ygtyýarnamasyz amala aşyrsa ýa -da
Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilen işi amala aşyrsa;
d) kalendar ýylynyň dowamynda bikanun işleri ençeme gezek amala aşyrsa ýa-da
Türkmenistanyň kanunçylygyny gödek bozan halatlarynda;
e)Türkmenistanyň kanunçylyk namalary tarapyndan göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.
4. Kärhananyň işi, şu maddanyň ikinji we üçünji punktlarynda göz öňünde tutulan esaslardan
başga -da, şu aşakdaky ahwalatlar ýüze çykanda bes edilýär:
kärhananyň işiniň ustawda görkezilen möhletiniň gutarmagy;
eger ustaw hazynasynyň azalmagy netijesinde onuň möçberi guramaçylyk -hukuk görnüşine
degişli kärhanalar üçin şu kanun tarapyndan göz öňünde tutulan iň pes möçberden kiçi bolanda;
eger gatnaşyjylar şu kanun tarapyndan bellenilen möhletlerde kärhananyň ustaw hazynasyny
döretmese;
kärhana üýtgedilip guralandaky degişli halatlarda.
5. Şu maddanyň üçünji böleginiň «b», «ç», «d» punktlarynda göz öňünde tutulan esaslar
boýunça kärhanan yň işini bes etmek hakyndaky talap bilen bellige alýan edara, ygtyýarnama
bermäge we gözegçilik wezipesini amala aşyrmaga ygtyýarly döwlet edaralary, kreditorlar
tarapyndan suda ýüz tutulyp bilner.
6. Şu maddanyň üçünji bölegindäki «d» punktynda göz öňünde tutulan hatatlarda sud
kärhananyň işini bes etmek hakyndaky çözgüdiniň ýerine şeýle işi togtatmak hakyndaky karary
çykaryp biler.
Salgyt salýan, ygtyýarnamalar berýän, ekologiýa, sanitariýa, arhitektura, tehniki howpsuzlyk
we ýangyna garşy goranyş meselel erini alyp barýan edaralaryň kärhananyň işini togtatmak hakynda
teklip girizmäge hukugy bardyr. Bu meseleler boýunça jedeller sud tertibinde çözülýär.
7. Kärhananyň işi, onuň edara görnüşindäki taraplaryň ýeke -täk döwlet sanawyndan çykarylan
pursatyndan başlap, bes edilen hasap edilýär.
59 madda. Kärhananyň ýatyrylmagy
1.Kärhananyň ýatyrylmagy onuň işiniň, hukuklary we borçlary başga kärhana mirasdüşerlik
tertibinde geçmezden bes edilmegine getirýär.
2. Kärhana eýesi, sud ýa -da kärhanany esaslandyran edara kärhanany ýatyrmak hakynda karar
kabul edýär. Olar ýatyrylyşygy geçirmegiň tertibini we möhletlerini belleýärler, ýatyryş toparyny
(ýatyryjyny) belleýärler.
Kärhananyň ýerine ýetiriji edarasy ýatyryş toparynyň (ýatyryjynyň) bellenilen gününden
başlap, kärhanany dolandyrmak boýunça öz ygtyýarlyklaryndan mahrum bolýar, onuň wezipesi
ýatyryş topary (ýatyryjy) tarapyndan ýerine ýetirilýär.
3. Ýatyryjy topar (ýatyryjy) döwlet bellige alyş edarasyna kärhananyň hukuk ýagdaýynyň
üýtgänligi hakyndaky habary we to par (ýatyryjy) hakyndaky maglumatlary berýär. Şonuň bilen
birlikde edara görnüşindäki taraplaryň ýeke -täk döwlet sanawynda kärhananyň ýatyryş ýagdaýynyň
gidişinde durýandygy hakynda bellik edilýär.
4. Ýatyryjy topar (ýatyryjy) sudda ýatyrylýan kärhananyň w ekili bolup çykyş edýär,
kreditorlaryň ýüze çykarylmagy we debitor bergileriniň alynmagy üçin degişli çäreleri görýär.
Ýatyrylýan kärhana diňe özüniň ýatyrylýandygy bilen baglanşykly geleşikleri, şeýle hem
ýatyrmak hakyndaky kararda göz öňünde tutulan geleşikleri baglaşyp biler. Kärhana ýatyryjy
toparyň (ýatyryjynyň) işi üçin jogapkärçilik çekýär.
5.Kärhananyň ýatyrylýandygy hakynda her bir kreditora ýazmaça görnüşde habar edilýär.
Resmi metbugat edaralarynda kärhananyň ýatyrylýandygy, onuň kreditorlary tar apyndan talaplary
bildirmegiň tertibi we möhletleri hakynda habar (bildiriş) ýerleşdirilýär.
6.Kreditorlar tarapyndan talaplaryň bildirilmegi üçin bellenilen möhlet tamamlanandan soň
ýatyryjy topar aralyk ýatyryş balansyny düzýär, onda ýatyrylýan kärhananyň emläginiň düzümi
hakyndaky maglumatlar, kreditorlar tarapyndan bildirilen talaplaryň sanawy we olara seretmegiň
netijeleri öz beýanyny tapmalydyr. Aralyk ýatyrylyş balansy kärhanany esaslandyryjylar
(gatnaşyjylar) ýa-da kärhanany ýatyrmak hakyndaky karar y kabul eden dolandyryş edarasy
tarapyndan tassyklanylmaga degişlidir.
7. Ýatyryjy topar (ýatyryjy) kreditorlar bilen hasaplaşyklary amala aşyrýar. Eger kärhanada
bar bolan pul serişdeleri kreditorlaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolmasa, ý atyryjy
topar (ýatyryjy) ýatyrylýan kärhananyň emläginiň satuwynyň açyk söwdasyny amala aşyrýar.
8. Ýatyrylýan döwlet kärhanasynyň emlägi kreditorlaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin
ýeterliksiz ýagdaýynda soňkularyň talaplarnyň galan bölegini bu kärhananyň emläginiň eýesiniň
hasabyna kanagatlandyrmak hakyndaky talap bilen suda ýüz tutmaga haky bardyr.
9. Kreditorlar bilen hasaplaşyklary tamamlanlaryndan soň ýatyryjy
topar ýatyryş balansyny düzýär, ol kärhanany esaslandyryjylar (gatnaşyjylar) ýa -da kärhanany
ýatyrmak hakyndaky karary kabul eden kärhananyň dolandyryş edarasy tarapyndan tassyklanylýar,
şeýle hem garasşyz auditor tarapyndan tassyklanylýar.
10. Kärhana edara görnüşindäki taraplaryň ýeke -täk döwlet sanawyndan çykarylandan soň,
kärhananyň ýatyr ylmagy gutardy, kärhana bolsa dowam etmegini bes etdi diýlip hasaplanýar.
60 madda. Kärhana ýatyrylanda onuň emläginiň paýlanylşy
1.Kärhana ýatyrylanda onuň kreditorlarynyň talaplary şeýle nobatlylyk boýunça
kanagatlandyrylýar:
birinji nobatda ýatyrylýan kärhananyň ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetirenligi üçin öňünde
jogapkärçilik çekýän raýatlaryň talaplary kanagatlandyrylýar;
ikinji nobatda işden boşadylanda berilýän kömek pulunyň we kärhanada zähmet şertnamasy
(kontrakty) boýunça işleýän adamlar bilen zähmet hakynyň tölegleri, şeýle hem awtorlyk
şertnamasy boýunça pul haklarynyň hasaplaşygy geçirilýär;
üçünji nobatda kreditorlaryň ýatyrylýan kärhananyň emläginiň girewi bilen üpjün edilen
borçnamalary boýunça talaplary kanagatlandyrylýar;
dördünji nobatda hökmany salgyt we döwlete hem -de ýerlerdäki häkimiýet edaralaryna
beýleki tölegler boýunça bergiler, şeýle hem bank kreditleri boýunça bergiler üzülişilýär;
bäşinji nobatda beýleki kreditorlar bilen hasaplaşyklar geçirilýär.
Her nobatyň talaplary şonuň öň ýanyndaky nobatyň talaplary kanagatlandyrylandan soň
kanagatlandyrylýar.
2. Kreditorlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soň ýatyrylýan kärhananyň galan emlägi
onuň şu emlägi zat hukugy ýa -da bu kärhana babatda borçnama hukugy bolan gatnaşyjylara
berilýä r.
61 madda. Kärhananyň bergidar bolmagy (batyp galmagy) netijesinde ýatyrylmagy
Kärhananyň batyp galmagy diýilip sud tarapyndan ykrar edilmeginiň ýa -da onuň özüniň batyp
galandygyny yglan etmeginiň esaslary, şeýle hem bular ýaly kärhananyň ýatyrylmagyny ň tertibi
«Batyp galmak hakyndaky» Türkmenistanyň kanuny tarapyndan bellenilýär.
XI BAP. KÄRHANALAR HAKYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ
KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK.
KÄRHANALARYŇ JEDELLERINE SEREDILIŞI
62 madda. Kärhanalar hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin
jogapkärçilik
1. Kärhana öz işini amala aşyranynda Türkmenistanyň kanunçylygyny, raýatlaryň, beýleki
kärhanalaryň we döwletiň hukuklaryny hem -de kanun tarapyndan goralyan bähbitlerini bozmaly
däldir.
2. Kärhanalaryň, döwle t häkimiýeti edaralarynyň we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet hem- de
ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlary kärhanalaryň işini düzgünleşdirýän şu
kanuny we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryny bozandygy üçin Türkmenistanyň
kanunçyl ygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.
63 madda. Kärhanalaryň jedellerine seredilişi
Kärhanalaryň jedellerine Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýän tertipde
seredilýär.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2000-nji ýylyň 15 -nji iýuny