For optimal readability, we highly recommend downloading the document PDF, which you can do below.
Document Information:
- Year: 2010
- Country: Turkmenistan
- Language: Turkmen
- Document Type: Domestic Law or Regulation
- Topic: Advocacy and Public Policy Activities
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanda adwok at ur a w e adwok at l yk işi
hak ynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 201 0 ý., № 2, 29- njy m ad d a)
I bap. Umumy düzgünler
1 -nj i madda. Adwokatura we adwokatlyk işi
1. Adwokatura raýat jemgyýetiniň hukuk instituty bolup durýan we döwlet häkimiýet we
dolandyryş edaralarynyň ulgamyna girmeýän, adwokatlaryň adwokatlyk işini amala aşyrmak maksady
bilen döredilen we öz -özüňi dolandyrmak ýörelgelerine eýerýän professional bir leşigidir.
2. Adwokatlyk işi adam hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini
goramak, jemgyýetde kanunylygyň berjaý edilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam bermek
maksady bilen adwokatyň kanunda b el l enilen tertipde berýän p r o f essi onal ýuridik kömegi bolup
durýar.
3. Adwokatlyk işi telekeçilik işi däldir we adwokatyň ýuridik kömegi bermek bilen alýan tölegi
onuň zähmet hak tölegi bolup durýar. 4. Adwokatlyk işine şularyň berýän ýuridik kömegi degişli däldir:
– ýuridik şahsl aryň ýuridik gulluklarynyň işgärleriniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş
edaralarynyň işgärleriniň;
– döwlet kepillendirijileriniň.
2 -nj i madda. A dwok at ur a we adwokatlyk işi hakynda kanunçylyk
1. A dw ok at ur a w e adw ok at lyk işi hakynda kanunçylyk Türkmeni stanyň Konstitusiýasyna
esaslanýar we şu Kanundan hem -de adwokatlyk işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk
namalaryndan ybaratdyr.
2. Fiziki we ýuridik şahslaryň işleri boýunça adwokat tarapyndan goraglyk ýa -da wekilçilik
edilende, adwokatlaryň iş ýörediş hukuklary we borçlary Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen
kesgitlenilýär.
3- nji madda. Adwokatlyk işiniň ýörelgeleri
Adwokatlyk işi şu ýörelgelere esaslanýar:
1) kanunylygyň, garaşsyzlygyň, öz -özüňi dolandyryşyň, şeýle -de deňhukuklylygyň amala
aşyrylmagyna;
2) professional ýuridik kömegi almaga bolan konstitusion hukugynyň amala aşyrylmagyna,
taraplaryň deňligi we bäsleşigi esasynda amala aşyrylýan adyl kazyýetlige ygtyýarlylygyna;
3) adwokatyň ýuridik kömeginiň hemmeler üçin elýeterli bolmagyna;
4) adwokatlyk işiniň Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik usullar we serişdeler
arkaly amala aşyrylmagyna;
5) adwokatyň işine Türkmenistanyň kanunçylygynda gös -göni göz öňünde tutulan halatlardan
başga ýagdaýlarda gatyşylmaga ýol berilm ezligine;
6) adwokatlyk işiniň ahlak kadalaryna laýyk alnyp barylmagyna, adwokatlyk etikasynyň berjaý
edilmegine we adwokatlyk syrynyň saklanylmagynyň üpjün edilmegine.
4-nji madda. Ýuridik kömegi bermegiň kepili
1. Döwlet hemmelere zerur bolan professi onal ýuridik kömegiň berilmegini kepillendirýär.
2. Döwlet Türkmenistanyň çäklerinde ähli fiziki we ýuridik şahslara ýuridik kömegi, onuň
häsiýeti hakyndaky maglumatlary we ony almagyň tertibine bolan deň hukuklary kepillendirýär. 3. Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda aýry -aýry fiziki
şahslara t ölegsiz ýuridik kömegi bermegi we goramagy kepillendirýär.
5- nji madda. Adwokatlaryň berýän ýuridik kömeginiň görnüşleri
1. Adwokat ýuridik kömegi bermek bilen:
1) dilden, şeýle hem ýazmaça görnüşde hukuk meseleleri boýunça maslahatlary berýär we
düşündirýär;
2) arzalary, şikaýatlary, haýyşnamalary we hukuk häsiýetli beýleki resminamalary düzüp berýär;
3) raýat we arbitraž işlerinde ynanyja wekilçilik edýär;
4) dolandyryş hukuk terti biniň bozulmalary baradaky we jenaýat işleri boýunça döwlet,
anyklaýyş, deslapky derňew edaralarynda, kazyýetde ynanyjynyň goragyny amala aşyrýar ýa- da oňa
wekilçilik edýär; 5) döwlet edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki gaýry edaralarda, ýerli häkim iýet we ýerli
öz -özüňi dolandyryş edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde hem -de fiziki şahslar bilen
gatnaşyklarda ynanyja wekilçilik edýär;
6) Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna we daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna garşy
gelmeýän halatlarda şol döwletleriň döwlet, kazyýet, hukuk goraýjy we beýleki edaralarynda, halkara
kazyýet we täjirçilik arbitraž edaralarynda ynanyjylara wekilçilik edýär;
7) ynanyj y nyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary, guramalary ýa- da raýatlary bilen bolýan hukuk
gatna şyklarynda kömek berýär;
8) bellenilen tertipde eýeçiligiň ähli görnüşindäki ýuridik şahslara, şeýle -de daşary ýurt fiziki we
ýuridik şahslaryna ýuridik kömegi berýär. 2. Adwokatyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýuridik kömekleri
bermäge hem hukugy bardyr. 3. Ýuridik kömek üçin ýüzlenen adam adwokat saýlap almakda erkindir. Eger adwokat saýlanyp
alynmadyk bolsa ýa -da oňa mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda oňa ýuridik kömegi bermek üçin
adwokat bellenilýär.
6-njy madda. Ýuridik köme gi bermek hakynda şertnama
1. Adwokatlyk işi adwokat bilen ynanyjynyň ýa -da onuň ynanylan wekiliniň arasynda baglaşylan
şertnama esasynda amala aşyrylýar. Bu şertnama raýat -hukuk gatnaşyklary häsiýetinde bolup, adwokat
bilen ynanyjynyň ýa -da onuň ynanyla n wekiliniň arasynda ýönekeý ýazmaça görnüşde baglaşylýar.
2. Şertnamada şular görkezilmelidir:
1) tabşyrygy ýerine ýetirýän adwokat baradaky we ynanyjynyň ýa -da onuň ynanylan wekiliniň
şahsyýetine degişli m agl u m at l ar ;
2) tabşyrygyň mazmuny;
3) ýuridik köm ek üçin tölegiň şetleri we möçberi;
4) adwokatyň tabşyrygy ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly goşmaça tölegler;
5) adwokatyň şertnamany ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly jogapkärçilikleri.
3. Adwokat öz üstüne alan borçlarynyň ýerine ýetirilmegini üçünj i bir adama berip bilmez.
4. Adwokatlar tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin, şu maddanyň 5-nji böleginde
görkezilenden beýleki ýgdaýlarda, töleg ylalaşyk esasynda tölenilýär. 5. Ýuridik maslahathananyň adwokatlary tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin ylalaşyk
bolmadyk ýagdaýynda ýuridik kömek üçin töleg Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan
tassyklanan gözükdirme esasynda ýuridik maslahathananyň müdiri tarapyndan bellenilýär. 6. Ýuridik maslahathanada, adwokatlaryň beýleki birleşiklerinde işleý än, şeýle-de adwokatlyk işi
bilen özbaşdak meşgullanýan welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň
adwokatlyk işi üçin tölenilýän tölegler degişlilikde ýuridik maslahathananyň, adwokatlaryň beýleki
birleşiginiň pulhanasyna ýa -da b ankdaky hasabyna geçirilýär.
7. Adwokatyň Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslarda
jenaýat kazyýet önümçiliginde anyklaýyş edarasy, sülçi, prokuror, kazy ýa -da kazyýet tarapyndan
bellenilen ýagdaýlarynda ýa- da beýleki ýagdaýlarda adwokatyň işi üçin töleg döwletiň hasabyna
tölenilmeli edilen bolsa, onda şol tölegiň möçberi we tölemegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy
esasynda kesgitlenilýär.
8. Adwokatyň işi üçin töleg adwokatlar birleşiginiň serişdeleriniň hasabyna tölenilen ýagdaýynda
şol tölegiň möçberi we tölemegiň tertibi şol birleşigiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
7-nji madda. Fiziki şahslara ýuridik kömegiň t ölegsiz berilmegi
1. Fiziki şahslara ýuridik kömek, olaryň haýyşy boýunça şu halatlarda tölegsiz berilýär:
1) hak isleýjilere alimentleri (hossarlyk eklenç serişdesini) töletmek, iş bilen baglylykda
ekleýjisiniň ölümine, maýyp bolmagyna getiren ýa -da jan saglygyna başga hili şikes ýetirilmegi sebäpli
ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky işler boýunça di l den maslahatlar görnüşinde ýuridik
kömek berlende we ýazmaça resminamalar düzülende;
2) Türkmenistanyň Gahrymanlaryna, weteranlaryň toparyna girýän adamlara, çagyryş boýunça
gullugy geçýän harby gullukçylara, I we II topar maýyplara, pensionerlere, “Ene mähri” diýen hormatly
ada mynasyp bolan enelere we ýetim çagalara maslahatlar görnüşinde telekeçilik işiniň meseleleri bilen
baglanyşykly bolmadyk ýuridik kömek berlende;
3) pensiýa ýa -da kömek pullaryny bellemek hakyndaky arzalar düzülende;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.
2. Fiziki şahslaryň ýuridik kömegi tölegsiz almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen
kesgitlenilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulandakylardan başga hal atlarda adwokatlaryň
ýolbaşçy edarasy ýa- da şol edaranyň ýolbaşçysy, şeýle hem özleriniň önümçiliginde işi bolan
anyklaýyş, deslapky derňew edarasy, prokuror, kazy we kazyýet, fiziki şahsyň emläk ýagdaýyndan ugur
alyp, ony ýuridik kömek üçin tölenilýän töl egden doly ýa-da bölekleýin boşatmaga hukuklydyr.
Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden adwokatlaryň ýolbaşçy edarasy ýa -da şol
edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan boşadylanda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi adwokatlar
birleşiginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden anyklaýyş, deslapky derňew edarasy,
prokuror, kazy ýa -da kazyýet boşadanynda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi bellenilen tertipde
döwletiň hasabyna tölenilmäge degişli edilýär.
II bap. Adwokatyň hukuk ýagdaýy
8 -nj i madda. Adwok at
1. Türkmenistanda ýokary ýuridik bilimli, adwokatyň statusyna eýe bolan we şu Kanunyň 1-nji
maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleri amala aşyrýan, Türkmenistanda hemişelik
ýaşaýan T ürkmenistanyň raýaty adwokat bolup biler.
2. Adwokat hukuk meseleleri boýunça garaşsyz maslahatçydyr.
3. Adwokata, mugallymçylyk, döredijilik we ylmy -barlag işlerinden başga, döwlet gullugynda
durmak we başga tölegli işlerde işlemek gadagandyr. 4. Düzgün- nyzam temmisi ulanylýan etmişi edendigi üçin kazyýet hem hukuk goraýjy
edaralardan işden boşadylan adam, boşadylan gününden başlap bir ýylyň dowamynda, şeýle -de
Türkmenistanyň kanunçyl ygynda bellenilen tertipde jenaýat edendigi üçin iş kesilenlik aýyby öz –
özünden aýrylmadyk ýa -da aýrylmadyk hem -de kämillik ukyby ýok ýa -da kämillik ukyby çäkli diýlip
ykrar edilen, şeýle hem adwokatlyk işi bilen bir ýere sygyşmaýan hereketleri edendigi üçin adwokatlar
kollegiýasynyň düzüminden çykarylan ýa -da hukuk kömegini be rmäge ygtyýarnamadan mahrum edilen
şahs adwokat bolup bilmez.
9-njy madda. Adwokatyň statusyna eýe bolmak
1. Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan berlen hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama alan we
welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasyn yň agzalygyna giren şahslar adwokatyň
statusyna eýe bolýarlar.
2. H uk uk kömegini bermäge ygtyýarnama ýokary ýuridik bilimli we hukuk hünäri boýunça
azyndan iki ýyl üznüksiz iş döwri bolan ýa -da adwokatlar kollegiýasynda şu Kanun bilen bellenilen
möhletde hünär tälimini alan şahslara berlip bilner.
3. Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama Türkmenistanyň
kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berilýär we bellige
alynýar.
10- njy madda. Hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama bermekden ýüz dönderilmegi, onuň
hereketiniň togtadylmagy, dikeldilmegi we onuň gaýtadan resmileşdirilmegi
1. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça hukuk kömegini
bermäge ygtyýarnama bermekden ýüz dönderi lip ýa-da ygtyýarnamanyň hereketi togtadylyp bilner.
2. Hukuk kömegini bermäge berlen ygtyýarnamanyň hereketi niň togtadylmagyna getiren
ýagdaýlar aradan aýrylan halatynda, onuň hereketiniň dikeldilmegi Türkmenistanyň Adalat ministrligi
tarapyndan amala aşy rylýar.
3. Ygtyýarlylandyrylanyň guramaçylyk -hukuk görnüşi, onuň ady ýa -da ýuridik salgysy üýtgän
halatynda ýgtyýarnama Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gaýtadan
resmileşdirilmäge degişlidir.
4. Ygtyýarnama bermekden ýüz dönderilendigi ýa -da onuň hereketiniň togtadylandygy barada
Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner. 5. Hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama bermekden ýüz dönderilenden azyndan alty aý
geçenden soň, ygtyýarnamanyň ber ilmegi hakynda gaýtadan ýüz tutulyp bilner.
11-nji madda. Hukuk kömegini bermäge berlen ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy
1. Hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy kazyýet ýa -da Türkmenistanyň Adalat
ministrligi tarapyndan şu aşakdaky halatlarda amal a aşyrylýar:
1) ygtyýarlylandyrylan tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň bozulmagy raýatlaryň
hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlaklylygyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna
we howpsuzlygyna, daşky gurşawa zyýan ýetirse;
2) yg tyýarnamanyň berilmegi hakyndaky çözgüdiň bikanunlygy ýüze çykarylsa;
3) ygtyýarlylandyrylan tarapyndan senenama ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň
ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygynda bellenilen ygtyýarnama talaplary we şertleri iki we
şondan köp gezek bozulsa;
4) ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalar bellenilen möhletde
düzedilmese;
5 ) ygtyýarlylandyrylan döwlet pajyny bellenilen möhletlerde tölemed i k bol sa.
2. Ýokarda görkezilen esaslar boýunça ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy barada kazyýete şikaýat
edilip bilner.
12- nji madda. Adwokatyň hünär tälim alyjysy
1. Adwokatyň hünär tälim alyjylary ýokary ýuridik bilimli, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan
Türkmenistanyň raýatlary bolup bilerler. 2. Hünär tälim alyjylar adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň çözgüdi esasynda adwokatlyk
işi boýunça iş tejribesi bäş ýyldan az bolmadyk adwokatlarda hünär tälimini alty aýdan bir ýyla çenli
möhlet bilen geçýärler.
3 . Hünär tälim alyjy adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyryp bilmeýär we adwokatyň s yryny
saklamaga borçludyr.
4. Hünär tälim alyjy hökmünde işlenilen döwür hukuk hünäri boýunça iş döwrüne goşulýar.
5. Hünär tälimini almagyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň adwokatlar konferensiýasy
tarapyndan kesgitlenilýär.
13- nji madda. Adwokatyň ygtyýarlyklary
1. Adwokat kömek berilmegini sorap ýüz tutana zerur bolan ýuridik kömegi berýär.
2. Adwokat her bir iş boýunça öz ygtyýarlyklaryny adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy
tarapyndan hasaba alnyp berlen orderi bilen tassyklaýar. Orderiň görnüşi T ürkmenistanyň Adalat
ministrligi tarapyndan tassyklanylýar. 3. Adwokatyň aşakdakylara hukugy ýokdur:
1) ýuridik kömegi bermegi sorap özüne ýüz tutandan göz -görtele bikanun tabşyrygy kabul
etmäge;
2) ýuridik kömegi bermegi sorap özüne ýüz tutandan şeýle ha latlarda tabşyryk almaga, eger ol:
ynanyjy bilen baglaşylan ylalaşygyň mazmuny boýunça şol adamyň bähbidinden başga, aýratyn
bähbidi bar bolsa;
işe kazy, prokuror, sülçi, anyklaýjy, bilermen, hünärmen, terjimeçi hökmünde gatnaşan bolsa, şu
iş boýunça ol je bir çeken ýa-da şaýat bolýan bolsa, şeýle hem ol wezipeli adam bolup, şol adamyň
bähbidine çözgüt kabul etmek onuň ygtyýarlygyna girýän bolsa;
şol adamyň işini derňemäge ýa- da oňa seretmäge gatnaşan ýa-da gatnaşýan wezipeli adam, jebir
çeken bilen garyndaşlyk ýa-da maşgala gatnaşyklarynda durýan bolsa;
bähbitleri şol adamyň bähbidine garşy gelýän ynanyja şol bir iş boýunça ýuridik kömegi berýän
ýa -da ozal beren bol sa;
3) ynanyjynyň kesekiniň günäsini öz üstüne alyp, özüni nähak aýyplap durandygyna adwokatyň
göz ýetiren halatyndan başga ýagdaýlarda iş boýunça ynanyjynyň erk- islegine garşy ýörelgäni
eýelemäge;
4) ynanyjynyň günäsiniň subut edilendigi hakynda, eger ol günäsini inkär edýän bolsa, açyk
beýan etmäge;
5) ynanyjynyň özüne ýuridik kömegiň berlendigi bilen baglylykda beren maglumatlaryny
ynanyjynyň razylygy bolmazdan aýan etmäge;
6) özüne kabul eden goragyndan ýüz döndermäge, muňa goralýanyň biriniň bähbitleriniň onuň
beýleki goralýanyň bähbitlerine garşy gelýän halatlary ýa- da olaryň görkezmeleriniň arasynda garşylyk
bar halatlary girmeýär.
14- nji madda. Adwokatyň hukuklary we borçlary
1. Adwokatyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) ýuridik kömegi bermek üçin (döwlet ýa -da gaýry syrlar toparyna degişli bolmadyk)
maglumatlary ýygnamaga, şol sanda döwlet edaralaryndan, ýerli häkimiýet we ýerli öz -özüňi
dolandyryş edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, şeýle hem beýleki guramalardan
güwänamalary, häsiýetnamalary we ýerine ýetirýän tabşyrygyna degişli beýleki resminamalary sorap
almaga. Görkezilen edaralar, guramalar we şol edaralaryň, guramalaryň wezipeli adamlary
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde adwokata onuň soran resminamalaryny ýa -da
olaryň tassyklanan nusgalaryny bermäge borçludyrlar;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenile n tertipde subutnama hökmünde ykrar edilip bilinjek
närseleri we resminamalary toplamaga we bildirmäge;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik kömegi bermek bilen baglanyşykly
meseleleri düşündirmek üçin hünärmenleri şertnama esasynda çagyrmaga ;
4) özüne ynanyjy bilen ikiçäk, ýaşyrynlygy saklamak şertlerinde (şol sanda, onuň tussaglykda
saklanylýan döwründe) duşuşyklaryň sanyny we olaryň dowamlylygyny çäklendirmezden duşuşmaga;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýuridik kömegi bermek bilen bagly işiň
materiallary bilen tanyşmaga, olardan maglumatlary göçürip almaga; 6) Türkmenistanyň çäklerinde, şeýle hem onuň çäginden daşarda, eger bu kabul edilen tabşyrygyň
ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolsa we degişli döwletiň kanunçylygyna hem-de Türkmenistanyň halkara
şertnamalaryna garşy gelmeýän bolsa, adwokatlyk işi bilen meşgullanmaga;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki hereketleri amala aşyrmaga.
2. Adwokat şu aşakdakylara borçludyr:
1) ynanyjynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan
edilmedik ähli serişdeler arkaly dogruçyl we päk wyždanly goramaga;
2) anyklaýyş, deslapky derňew edaralarynyň, prokuroryň, kazynyň ýa-da kazyýetiň bellemegi
boýunça jenaýat kazyýet önümçiligine hukuk taýdan goraýjy hökmünde adwokatyň hökmany
gatnaşmalydygy hakynda Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygynyň bildirýän talaplaryny berjaý
etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryna şu Kanunda we Türkmenistanyň kanunçylygynda
görkezilen beýleki halatlarda ýu ridik kömegi tölegsiz bermäge;
3) öz bilimini yzygiderli kämilleşdirmäge we öz hünärini ýokarlandyrmaga;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny, hünär taýdan kämil alyp barmagyň kadalaryny
we adwokatlyk syryny saklamagy berjaý etmäge;
5) işinde we ynanyjylar bilen gatnaşykda ýokary medeniýetliligi berjaý etmäge, adwokatlyk
etikasyny saklamaga.
3. Adwokat özüniň hünär borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa -da göwnejaý ýerine ýetirmändigi
üçin şu Kanunda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýär. Hünär borçla ryny ýerine ýetirmändigi ýa-da
göwnejaý ýetirmändigi sebäpli ynanyja günäli maddy ( ýitgi, şol sanda elden giderilen peýda) we ahlak
zyýan ýetirilen halatynda adwokatyň jogapkärçiligi hak isleýiş tertipde kazyýet tarapyndan
kesgitlenýär.
15- nj i madda. Adwo k at l yk et i k asy
Professional işini amala aşyranda adwokat şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde öz borçlaryny
päk ýürekli ýerine ýetirmelidir, adwokatlyk syryny şahsy maksady, beýleki şahslaryň betnebis we başga
bähbitl eri üçin ulanmaly däldir, hukuklary goramak boýunça professional işi bilen bir ýere sygyşmaýan
hereketlere, adamyň namysyny we mertebesini kemsidýän gödek, göwne degýän şözleri aýtmaga ýol
bermeli däldir, tabşyryklary ýerine ýetirende özüni alyp barşynda sypaýy bolmalydyr hem -de welaýat,
wel aýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan kabul
edilen adwokatlaryň özüni alyp baryş düzgüni baradaky Düzgünnamada bellenilen adwokatlyk
etikasynyň beýleki düzgünlerini berjaý etmelidir.
16-nj y madda. A dwok at l yk syr y
1. A dw ok at yň ynanyja b er en ýuridik kömegi bilen baglanyşykly alan ynanyjynyň äşgär
edilmegini islemeýän islendik maglumatlar y ad w o k at lyk syry bolup durýar.
2. Ýuridik kömegi bermek bilen baglylykda özüne mälim bolan we adwokatlyk syry bolup
durýan magl umatlary aýan etmäge, şeýle hem olary özüniň bähbitleri hem -de başga şahslaryň
bähbitleri üçin ulanmaga adwokatyň hukugy ýokdur. 3. Döwlet syrlary toparyna degişli ýa -da döwletiň milli howpsuzlyk bähbitlerine ýa -da
jemgyýetçilik howpsuzlygyna dahylly maglu matlar adwokatlyk syryna degişli edilip bilinmez.
4. Ynanyjynyň razylygy bolmazdan, adwokatlyk syryna degişli maglumatlary ýaýradan adwokat
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
17-nji madda. Adwokatlyk işiniň kepillikleri
1. Adwokatyň hünär hukugy, abraýy we mertebesi kanun tarapyndan goralýar.
2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda adwokatyň ýuridik
kömegini bermek bilen baglylykdaky hereket etmek erkinligi çäklendirilip bilinmez.
3. Adwokatdan özüniň adwokatlyk işi boýunça borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglylykda, şu
Kanunyň 16- nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen ýagdaýlardan başga halatlarda, oňa mälim
bolan ýagdaýlar hakynda döwlet edaralary tarapyndan ýazmaça ýa- da dilden düşündirişler talap edilip
bilinmez.
4. Adwokat Türkmenistanyň kanunçylygynyň çäklerinde özüniň käri boýunça alyp barýan
wezipesini berjaý edýän halatynda beýan eden pikiri üçin, kazyýetde ýa -da hukuk goraýjy edaralaryň
öňünde aýdan beýannamasy üçin, şeýle hem käri boýunça ykrar edilen borçlaryna we özüni alyp
barmagyň kadalaryna laýyklykda amala aşyran islendik beýleki hereketleri üçin dolandyryş hukuk
tertibiniň bozulmalary hakyndaky kanun esasynda ýa -da jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinmez.
5. Türkmenista nyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan adwokatlyk işine gatyşylmagy ýa-
da şol işe haýsydyr bir başga hili päsgelçiligiň berilmegi, şeýle hem adwokata hormat goýulmazlygy
ýa-da onuň öz hünär borçlaryny ýerine ýetiren ýagdaýynda kemsidilmegi Türkmenist anyň
kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
6. Adwokat we onuň maşgala agzalary döwlet tarapyndan goralýar hem -de olaryň howpsuzlygyny
üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek döwlet tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna
laýyklykda üpjün edilý är.
III bap. Adwokatlyk işiniň guralyşy
18- nji madda. Adwokatlyk işini guramagyň görnüşleri
1. Adwokatyň öz işini adwokatlar kollegiýasynyň düzüminde ýuridik maslahathananyň üsti bilen
amala aşyrmaga, beýleki adwokatlar bilen bilelikde adwokatlar birleşigini döretmäge, şeýle hem
adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrmaga hukugy bardyr.
19-nj y madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy
1. Her bir welaýatyň, welaýat hukukly şäheriň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygynda
bellenilen tertip de hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamany alan şahslaryň başlangyjy bilen
a dw ok at lar kollegiýasynyň biri döredilip we hereket edip biler.
2. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy fiziki we ýuridik şahslara kämil
ýuridik kömegi bermek, adwokat laryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini aramak hem -de goramak,
şu Kanunda bellenilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek üçin döredilýän, adwokatlaryň garaşsyz,
pr of essi onal , öz-özüňi dolandyrýan we öz -özüňi maliýeleşdirýän jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.
3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy telekeçi däl ýuridik şahs bolup, onuň
amala aşyrýan işi peýda al m ak m ak sad y bilen bagly dä ldir.
4. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasyny döretmek üçin döwlet edaralarynyň
ýöri te rugsady talap edilmeýär. Esaslandyryjylaryň başlangyjy bilen welaýat, welaýat hukukly şäher
adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy çagyrylýar, onda Tertipnama kabul edilýär
hem -de adwokatlar kollegiýasynyň dolandyryş edaralary saýlanylýar. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet
edarasy alwokatlar kollegiýalarynyň döredilmegine we işine ýardam bermelidir. 5. Welaýat, welaýat hukukly şäher ad w o k at l ar kollegiýasy Türkmenistanyň kanuçylygynda
bellenen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyn dan hasaba alynmaga degişlidir. Welaýat,
welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde h asab a al n an d an
we Ýuridik şahslaryň ýeke -täk döwlet sanawyna ol barada maglumatlar bellenilen tertipde girizilenden
soň, ýuridik şahsyň hukuklylygyna eýe bolýar. Adwokatlar kollegiýasyny hasaba almakdan ýüz
dönderilmegi bir aýyň dowamynda kazyýete şikaýat edilip bilner.
6. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy özüniň adyna onuň döredilýän
çägindäki dolandyryş -çäk düzüminiň adyny goşmalydyr.
7. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň esasy wezipeleri şulardan
ybaratdyr:
1) adwokatlyk işini amala aşyranlarynda kollegiýanyň agzalaryna ýardam etmekden, hünär taýdan
taýýarlykly kömek bermekden we olaryň hukuklaryny we hünär bähbitlerini goramakdan;
2) kollegiýanyň agzalarynyň işini maddy -tehniki we maglumat- habar taýdan üpjün etmekden;
3) ýuridik kömegi b er m egi gu r am ak d an ;
4) adwokatlaryň hünär taýýarlygynyň synagyny geçirmekden;
5) adwokatlaryň hünär der ejesini ýokarlandyrmakdan;
6) adwokatlaryň öz borçlaryny berjaý etmeklerine gözegçilik etmekden;
7) ilatyň arasynda kanunçylygy wagyz etmekden;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga wezipelerden.
8. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwoka tlar kollegiýasy adwokatlaryň ynanyjylar we üçünji
taraplar bilen özara gatnaşygynda hem -de adwokatlar kollegiýasynyň esaslandyryjy resminamalarynda
göz öňünde tutulan beýleki meseleler boýunça olaryň wekili bolup durýar. 9. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy ýuridik maslahathanalary döredýär.
10. Ýuridik m asl ah at h an ad a işleýän adwokatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen
tertipde durmuş ätiýaçlandyryşyndan peýdalanmaga bolan hukuga eýedir.
20- nji madda. Welaýat, welaýat hukukl y şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasy
Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasy şulary göz öňünde
t ut mal ydyr :
1) adwokatlar kollegiýasynyň adyny, ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýerini, işiniň maksatlaryny
we wezipeleri ni;
2) adwokatlar kollegiýasynyň gurluşyny, ony döretmegiň tertibini, onuň edaralarynyň
ygtyýarlyklaryny ;
3) adwokatlar kollegiýasynyň agzalygyna kabul etmegiň, agzalygy togtatmagyň hem -de
ýatyrmagyň tertibini; 4) adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň hukuklaryny we borçlaryny;
5) ýuridik maslahathanalaryny döretmegiň we olaryň işiniň tertibini;
6) emlägi döretmegiň çeşmelerini, emlägi dolandyrmak hukugy we oňa erk etmegiň tertibini;
7) agzalyk tölegini tölemegiň tertibini;
8) adwokatlar tarapyndan ýuridik kömegi tölegsiz bermegiň tertibini we anyklaýyş, deslapky
derňew edaralarynyň, prokuroryň, kazynyň we kazyýetiň bellemegi boýunça ýuridik kömegi
adwokatlaryň arasynda paýlamagyň tertibini;
9) adwokatlaryň hünär taýýarlyklylygynyň hünär synagyny geçmegiň t ertibini;
10) adwokatlar kollegiýasynyň agzalaryna we adwokatlaryň hünär tälimini alyjylaryna
höweslendi rme çärelerini ulanmagyň, olary düzgün- nyzam jogapkärçiligine çekmegiň tertibini;
11) adwokatlar kollegiýasyny üýtgedip gurmagyň we ýatyrmagyň, Tertipnamasyna üýtgetmeler
we goşmaçalar girizmegiň tertibini; 12) adwokatyň hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamasyny ýatyrmak barada towakganama
gozgamagyň tertibini; 13) w elaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasynda Türkmenistanyň
kanunç ylygyna garşy gelmeýän beýleki düzgünler hem bolup biler.
21- nj i madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwok at l ar kollegiýasynyň edar al ar y
1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň ýokary edarasy kollegiýany ň
agzalarynyň umumy ýygnagy bolup durýar, ýolbaşçy ýerine ýetiriji edarasy – onuň prezidiumy,
gözegçilik edarasy – derňew toparydyr.
2. Tertipnamada göz öňünde t u t u l an h al at l ar d a, welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar
kollegiýasynda adwokatlar kollegiý asynyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan kabul edilen
düzgünler esasynda hereket edýän beýleki edaralar hem döredilip bilner.
22-nj i madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň
umumy ýygnagy
1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň
kollegiýanyň işiniň islendik meselelerini çözmäge hukugy bardyr. 2. Umumy ýygnagyň aýratyn ygtyýaryna şular degişlidir:
1) adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasyny we oňa üýtgetmeler girizmek hakyndaky
çözgütleri kabul etmek;
2) prezidiumyň, derňew toparynyň agzalarynyň sanyny kesgitlemek, olary saýlamak we olaryň
hasabatlaryny diňlemek;
3) T er t i pnama da göz öňünde tutulan beýleki edaralary döretmek we olaryň ýolbaşçylaryny
saýlamak, şol edaralar h akyndaky düzgünnamalary tassyklamak;
4) ýuridik maslahathanalary döretmek;
5) adwokatlar kollegiýasynyň edaralarynyň işi hakynda adwokatlar kollegiýasynyň
ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň hasabatlaryny diňlemek we olaryň işine baha bermek;
6) adwokatlar kol legiýasynyň serişdeleriniň emele gelmeginiň tertibini ýuridik maslahathanalaryň
adwokatlary we kollegiýanyň beýleki agzalary üçin aýratynlykda kesgitlemek;
7) adwokatlar kollegiýasynyň emlägini dolandyrmagyň we erk etmegiň tertibini kesgitlemek;
8) adwokat lar kollegiýasynyň wezipe birliginiň düzümini, girdejileriň we çykdajylaryň smetasyny
tassyklamak; 9) adwokatlar kollegiýasynyň edaralarynyň, ýolbaşçylarynyň çözgütlerine adwokatlar we raýatlar
tarapyndan edilen şikaýatlara garamak;
10) adwokatlar kollegi ýasynyň edaralarynyň ýolbaşçylaryny we agzalaryny möhletinden öň yzyna
çagyrmak.
3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy sanynyň
üçden iki bölegi bar wagtynda umumy ýygnagyň çözgütleri kabul etmäge hukugy bardyr. Umumy
ýygnagyň ähli çözgütleri ýygnaga gatnaşýan adwokatlaryň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. 4. Umumy ýygnak welaýat, welaýat hukukly şäher ad w o k at l ar k o llegiýasynyň prezidiumy
tarapyndan ýylda azyndan bir gezek çagyrylýar. Derňew toparynyň ýa -da kolle giýanyň agzalarynyň
umumy sanynyň azyndan üçden bir böleginiň talap etmegi boýunça kollegiýanyň prezidiumynyň
başlygy otuz günüň dowamynda nobatdan daşary umumy ýygnagy çagyrmaga borçludyr. 5. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasynda kollegiýanyň
agzalarynyň umumy ýygnagynyň beýleki meselelere garamak we çözgüt kabul etmek mümkinçiligi
hem göz öňünde tutulyp bilner.
23-nj i madda. Welaýat, welaýat hukukly şähe r a dwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy
1. Welaýat, welaýat hukukl y şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy gizlin ses bermek
arkaly üç ýyllyk möhlete saýlanylýar. Prezidiumyň agzalygyna kollegiýada azyndan bäş ýyl agzalygy
bolan adwokatlar saýlanyp bilner. 2. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy:
1) fiziki we ýuridik şahslara ýuridik kömegi bermek boýunça adwokatlar kollegiýasynyň işini
guraýar;
2) umumy ýygnagy çagyrýar, umumy ýygnagyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;
3) adwokatlaryň hünär we beýleki hukuklaryny we bähbitleri ni goraýar;
4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen k esgi t l en en t er t i p d e hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama
alan şahslary adwokatlar kollegiýasynyň agzalygyna kabul edýär, kollegiýanyň agzalygyndan çykarýar,
adwokatlaryň hünär tälim alyjylarynyň taýýarlygyny g uraýar;
5) adwokatlara işde gazanan üstünlikleri üçin höweslendirme çärelerini ulanýar;
6) adwokatyň hereketleri barada fiziki we ýuridik şahslardan gelip gowşan şikaýatlary
(teklipnamalary) barlamak boýunça işleri guraýar;
7) adwokatlaryň düzgün- nyzamy bozandygy hakyndaky maglumatlara seredýär we düzgün-
nyzam temmisini berýär; 8) adwokatlaryň hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamalaryny ýatyrmak barada towakganama
gozgaýar;
9) adwokatlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak işini guraýar;
10) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde adwokatlaryň hünär taýýarlyklylygynyň
hünär synagyny geçirýär;
11) adwokatlaryň oňyn iş tejribesini öwrenýär, umumylaşdyrýar we ony Türkmenistanyň Adalat
ministrligi bilen bilelikde ýaýradýar; 12) kodifikasiýa işini guraýar, T ürkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde adwokatlyk
işiniň meseleleri boýunça usuly gollanmalary, teklipleri işläp taýýarlaýar we neşir edýär;
13) ýuridik maslahathanalaryň müdirlerini wezipä belleýär we olary wezipeden boşadýar;
14) görnüşi Türkme nistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylan adwokatyň
şahsyýetnamasyny berýär;
1 5) adwokatlar kollegiýasynyň serişdelerine Tertipnama we umumy ýygnak tarapyndan
kesgitlenilen tertipde erk edýär;
16) buhgalteriýa hasabatynyň, maliýe we statistik ha sabatlylygyň hem-de iş ýöredişiň alnyp
barlyşyny guraýar;
17) adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň aýratyn ygtyýaryna degişli
meselelerden başga, adwokatlar kollegiýasynyň işiniň beýleki meselelerini çözýär. 3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy öz düzüminden açyk
ses bermek arkaly prezidiumyň başlygyny we onuň orunbasarlaryny saýlaýar.
24-nj i madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň
başlygy we onuň ygtyýarlyklary
1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlyklygyna,
saýlanylan gününe çenli adwokatlar kollegiýasynda azyndan bäş ýyl agza bolup duran adwokat
saýlanylyp bilner. 2. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygy
kollegiýanyň Tertipnamasyna laýyklykda:
1) prezidiumyň işini guraýar, onuň mejlislerine ýolbaşçylyk edýär we prezidiumyň, kollegiýanyň
agzalarynyň umumy ýygnagynyň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;
2) prezidiumda gar amak üçin degişli meseleleri taýýarlaýar we olary prezidiumyň garamagyna
hödürleýär;
3) prezidiumyň işine ýolbaşçylyk edýär, kollegiýanyň edaralaryna işgärleri kabul etmegi we olary
işden boşatmagy amala aşyrýar;
4) adwokatlaryň hereketlerine edilen şikaýatlaryň barlagyny guraýar hem -de prezidiumyň
garamagyna degişli teklipleri girizýär; 5) döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde, beýleki guramalarda we edaralarda
adwokatlar kollegiýasyna wekilçilik edýär, olar we raýatlar bilen hat alyşmagy ýöre dýär.
3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygynyň başga
ygtyýarlyklary adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasy arkaly kesgitlenilýär.
25-nj i madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň derňew topary
1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň derňew topary onuň gözegçi
derňew edarasy hasaplanylýar.
2. Derňew topary adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan gizlin ses
bermek arkaly üç ýyl möhlete saýlanylýar.
3 . Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň derňew topary öz düzüminden
açyk ses bermek arkaly derňew toparynyň başlygyny saýlaýar. 4. Derňew topary adwokatlar kollegiýasynyň maliýe -hojalyk işine derňew geçirýär.
26- nj y madda. Welaýat, wel aýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasyna agzalyk
1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň düzüminde adwokatlyk işi bilen
meşgullanmaga bolan hukuk şu Kanunyň 9- njy maddasynda göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelýän
şahslarda döreý är.
2. Adwokatlar kollegiýasynyň agzasy kollegiýanyň Tertipnamasyny ykrar etmelidir.
3. A dw ok at w elaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasyndan çykarylan, ýöne hukuk
kömegini bermäge ygtyýarnamasyny ýitirmeýän ýagdaýynda, kollegiýadan çykarylanyn a alty aý
geçenden soň, kollegiýanyň agzalygyna täzeden kabul edilip bilner. Şol döwürde oňa adwokatlyk işini
amala aşyrmak gadagan edilýär.
27- nj i madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň
hukuklary
1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy şulara hukuklydyr:
1) kollegiýa, onuň edaralary hem -de wezipeli adamlary tarapyndan berilýän hünär kömeginden,
ýardamyndan we goragyndan peýdalanmaga;
2) adwokatlar kollegiýasynyň edaralaryna saýlamaga we saýl anmaga;
3) adwokatlar kollegiýasynyň edaralarynyň öňünde onuň işine degişli meseleleri goýmaga,
kollegiýanyň we onuň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri girizmäge, ýüze çykýan
meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we çözgütleri kabul etmäge gatnaşmaga, adwokatlar
kollegiýasynyň edaralarynyň wezipeli adamlaryndan olaryň işi barada resminamalaryň we
maglumatlaryň berilmegini talap etmäge; 4) kollegiýanyň edarasy tarapyndan özüniň işi we özüni alyp barşy barlanylan we ara alnyp
maslahatlaşylan h alatlaryň ählisine hut özi gatnaşmaga;
5) adwokatlar kollegiýasynyň emläginden we maglumat -habar beriş gorlaryndan onuň
Tertipnamasynda kesgitlenilýän tertipde we şertlerde peýdalanmaga;
6) kollegiýanyň düzüminden öz islegi boýunça çykmaga.
2. Welaýat, wel aýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary özleriniň hukuklary we
borçlary boýunça deňdirler.
28-nj i madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň
borçlary
Şu Kanunyň 14- nji maddasynda göz öňünde tutulan adwokatyň umumy borçlaryndan başga-da,
w elaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy şulara borçludyr:
1) adw ok at l ar k ol l egiýasynyň Tertipnamasynyň talaplaryny berjaý etmäge;
2) adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň we onuň edaral arynyň
çözgütlerini ýerine ýetirmäge; 3) kollegiýanyň emlägini aýawly saklamaga;
4) wagtynda agzalyk tölegini tölemäge;
5) adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumyna öz işleri barada hasabat bermäge.
29- njy madda. Ýuridik maslahathana
1. Ýuridik kömegi berm ek boýunça işi guramak maksady bilen welaýat, welaýat hukukly şäher
adwokatlar kollegiýasy etraplarda, etrap hukukly şäherlerde ýuridik maslahathanalary döredýär. 2. Ýuridik maslahathananyň ýerleşmeli ýerini welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar
kolleg iýasynyň prezidiumy ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy bilen ylalaşmak arkaly kesgitleýär.
3. Ýuridik maslahathana w elaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň düzüm
birligi bolup durýar. Ýuridik maslahathananyň öz ady we haýsy adwokatlar kollegiýasyna degişlidigi,
ýuridik kömegi bermegi guramak üçin zerur bolan beýleki tapawutlandyryjy alamatlary aňladylan
möhri hem -de möhürçesi bolýar. Ýuridik maslahathana kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagy
tarapyndan kabul edilen Düzgünnama esasynda hereket edýär. 4. Ýuridik maslahathana w elaýat, welaýat hukukly şäher ad w o k at l ar kollegiýasynyň prezidiumy
tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.
30-njy madda. Adwokatlyk işini bilelikde amala aşyrmak
1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň ýuridik maslahathanalarynda
işlemeýän adwokatlar fiziki we ýuridik şahslara ýuridik kömegi bermek maksady bilen birleşip,
Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda birleşikleriň haýsydyr bir görnüş ini döredip
bilerler.
2. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokatlar, Türkmenistanyň kanunçylygynyň
talaplaryna laýyklykda, özara hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşyp, ynanyjylara bilelikde ýuridik
kömegi berip bilerler. Şertnama ýönekeý ýazmaça görnü şde baglaşylyp, onda şertnamanyň möhleti,
ýuridik kömegi bermegiň tertibi, beýleki ýagdaýlar gör kezilmelidir.
31- nji madda. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrmak
1. A dw ok at adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyryp biler.
2. Adwokatlyk işini özbaşdak ama la aşyrýan adwokat welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar
kollegiýasynyň prezidiumyna özi barada maglumatlary ibermäge borçludyr. Ol maglumatlar
adwokatlyk işini amala aşyrmak bilen, ynanyjylary kabul edýän ýeriniň anyk poçta, telefon, telegraf,
elektro n salgysy we bankdaky hasaplaşyk hasaby baradaky maglumatlardan ybaratdyr.
3. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokat Türkmenistanyň kanunçylygynda
bellenilen tertipde bankda hasaplaşyk hasabyny açýar we ýuridik kömegi üçin edilýän tölegler şol
ha saplaşyk hasabyna tölenmelidir.
4. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokat bilen ynanyjynyň ýa -da onuň ynanylan
wekiliniň arasyndaky ýuridik kömek baradaky her bir baglaşylan şertnama adwokat tarapyndan
ýöredilýän resminamalarda hasaba alynmaga deg işlidir.
5. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokat adwokatlyk işini amala aşyrmak üçin
özüniň ýa -da onuň maşgala agzalarynyň hususy eýeçiligine degişli ýaşaýyş jaýlary olaryň razylygy
bilen ulanyp biler. Onuň adwokatlyk işini amala aşyrmak üçin ul anýan jaýy özi we özüniň maşgala
agzalary tarapyndan kärendä ýa- da kireýine alynýan ýagdaýynda, jaýy adwokatlyk işini amala aşyrmak
üçin ulanmak kärendä berijiniň, kireýne alyjynyň we kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň
razylygy bilen amala aşyrylýar.
32- nj i madda. A dwok at l ar yň konferensiýasy
1. Türkmenistanyň ad w o k atlarynyň konferensiýasy Türkmenistanyň ad w o k at l arynyň wekilleriniň
ýygnagy bolup durýar, ol, zerur bolşuna görä, azyndan iki ýylda bir gezek welaýat, welaýat hukukly
şäher adwokatlar ko llegiýalarynyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň başlangyjy bilen çagyrylyp bilner.
Adwokatlaryň konferensiýasy ad w o k atlyk işiniň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga,
ad w o k at laryň işiniň hilini ýokarlandyrmagyň, ad w o k at l aryň hünär tälim alyjylarynyň hünär tälimini
almagynyň tertibiniň we şertleriniň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, ad w o k atl y k etikasyny, welaýat,
welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň mysaly Tertipnamasyny işläp düzmäge, adwokatlar
kollegiýalarynyň Tertipnamalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça maslahatlary
bermäge, ad w o k at lyk işiniň oňyn tejribesini ýaýratmak barada çözgütleri kabul etmäge ygtyýarlydyr.
Türkmenistanyň ad w o k at l ar konferensiýasynyň ad w o k at lyk işine degişli kadalaşdyryjy hukuk
namalarynyň taslamalar yny taýýarlamak üçin işçi toparlaryny döretmäge huk ugy bar dyr .
2. Türkmenistanyň adwokatlar konferensiýasyna hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralarynyň
işgärleri, jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri, şonuň ýaly-da hukukçy -alymlar hem çagyrylyp bilner.
3. Türkmenistanyň ad w o k at l ar konferensiýasyny çagyrmagyň we onuň işiniň, oňa wekilligiň
tertibi öz tassyklaýan Düzgünnamasy bilen kesgitlenilýär.
33- nji madda. Adwokatlaryň hereketleriniň üstünden şikaýat edilmegi
W elaýat, welaýat hukukly şäher adwokatla r kollegiýasynyň agzasynyň adwokatlyk işi boýunça
öz borçlaryny amala aşyrmagy bilen baglylykdaky hereketlerine edilen şikaýatlara ýuridik
maslahathanalaryň müdirleri, beýleki adwokatlar birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýat, welaýat hukukly
şäher adwokat lar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan seredilýär.
IV bap. Höweslendirme çäreleri we düzgün -nyzam
jogapkärçiligi
34- nj i madda. A dwok at l ar y höweslendirme çäreleri
1. Adwokata hünär borçlaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünligi üçin w elaýat, welaýat
hukukly şäher ad w o k at l ar kollegiýasynyň prezidiumynyň ýa -da kollegiýanyň agzalarynyň umumy
ýygnagynyň karary esasynda höweslendirme çäreleri ulanylyp bilner. 2. Höweslendirme çäreleri hökmünde aşakdakylar ulanylyp bilner:
1) mi nnet dar l yk bi l di r mek ;
2) birwag tlaýyn baýrak bermek;
3 ) gy m m at b ah al y so w gat l ar b i l en sy l agl am ak ;
4 ) h o r m at h at y b i l en sy l agl am ak .
3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasynda
höweslendirmegiň beýleki çäreleri hem göz öňünde tutulyp bilner.
35-nji madda. Adwokatlaryň düzgün -nyzam jogapkärçiligi
1. Adwokat şu Kanunyň, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, welaýat,
welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasynyň talaplaryny bozandygy üçin
düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekil ip bilner.
2. Düzgün- nyzam önümçiligi bilen baglanyşykly meseleler welaýat, welaýat hukukly şäher
adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň ygtyýaryna degişlidir. Düzgün- nyzam temmisi gös-göni
etmiş ýüze çykandan soň bir aýdan gijä goýman, ýöne şol etmiş edi lenden alty aý geçmedik bolsa,
adwokatyň kesel bolan wagtyny ýa -da onuň zähmet rugsadynda bolan wagtyny hasaba almazdan,
berilýär.
36- njy madda. Düzgün -nyzam temmi çäreleri
1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapynda n berilýän
düzgün- nyzam temmi çäreleri şulardan ybarat:
1) duýduryş ;
2) käýinç;
3) berk käýinç;
4) kollegiýanyň agzalygyndan çykarmak.
2. Düzgün- nyzam temmisi berleninde, edilen etmişiň agyrlygy, ol amala aşyrylan halatyndaky
ýagdaýlar, adwokatyň şondan öňki işleýşi we özüni alyp barşy göz öňünde tutulmalydyr. 3. Düzgün- nyzam temmileriniň şu Kanunda göz öňünde tutulan çäreleri, olary bermegiň,
aýyrmagyň we olaryň üstünden şikaýat etmegiň tertibi adwokatlaryň hünär tälimini alyjylaryna hem
degişli edilýär.
37- nji madda. Düzgün- nyzam temmisini bermegiň tertibi
1. Adwokatyň düzgün- nyzam jogapkärçiligi hakyndaky iş welaýat, welaýat hukukly şäher
ad w o k at l ar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy, kollegiýanyň prezidiumy ýa -da prezidiumyň
başlygy tarapyndan gozgalyp bilner. 2. Düzgün- nyzam etmişi hakynda işe seredilýänçä wel aýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar
kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygy adwokatdan ýazmaça düşündiriş talap etmelidir, onuň düzgün-
nyzam jogapkärçiligine çekilmeginiň esaslaryny barlamal ydyr we ony düzgün-nyzam işiniň
maglumatlary bilen tanyşdyrmalydyr.
3. Düzgün- nyzam etmişi baradaky işe, jogapkärçilige çekilýän adwokatyň gatnaşmagynda,
w elaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan seredilýär.
Adwokatyň e sassyz sebäplere görä gaýtadan gelmezligi düzgün -nyzam etmişi hakyndaky işiň
seredilmegine päsgelçilik bermeýär.
4. Adwokatyň kollegiýadan çykarylmagyna getirip biljek etmişi edendigi hakynda şaýatlyk edip
biljek deliller bolan halatynda, aýratyn halatlard a, degerli esaslar bar wagtynda mesele gutarnykly
çözülýänçä, adwokaty işden çetleşdirmäge prezidiumyň hukugy bardyr.
38-nji madda. Düzgün- nyzam temmisini bermek hakyndaky kararyň üstünden şikaýat
etmek
1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kolleg iýasynyň prezidiumynyň düzgün-nyzam
temmisini bermek hakyndaky kararynyň üstünden düzgün- nyzam temmisini bermek baradaky kararyň
göçürilen nusgasyny alan gününden başlap, bir aý möhletiň dowamynda kollegiýanyň agzalarynyň
umumy ýygnagyna şikaýat edilip bil ner.
2. Düzgün- nyzam temmisini bermek tertibinde w elaýat, welaýat hukukly şäher ad w o k at l ar
kollegiýasyndan çykarylanda şikaýat etmek şu Kanunyň 41-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda
geçirilýär.
39- njy madda. Düzgün -nyzam temmisini aýyrmagyň tertibi
1. Eger adwokat düzgün- nyzam temmisi berlen gününden başlap, bir ýylyň dowamynda täze
düzgün- nyzam temmisine sezewar edilmedik bolsa, onda ol düzgün- nyzam temmisi berilmedik hasap
edilýär. 2. Eger adwokat özüniň düzelendigini hünär borçlaryny ak ýürekde n ýerine ýetirýändigi we özüni
birkemsiz alyp barýandygy bilen subut et se, o n d a w elaýat, welaýat hukukly şäher ad w o k at l ar
kollegiýasynyň prezidiumy ýa -da kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagy oňa berlen düzgün- nyzam
temmisini möhletinden öň hem aýryp bile r.
Düzgün- nyzam temmisini möhletinden öň aýyrmak welaýat, welaýat hukukly şäher ad w o k at l ar
kollegiýasynyň prezidiumy nyň başlygynyň, ýuridik maslahathananyň müdiriniň, beýleki adwokatlar
birleşiginiň ýolbaşçysynyň haýyşnamasy boýunça geçirilip bilner.
40-njy madda. Adwokatlara jemgyýetçilik täsir ediş çäresini ulanmak
Ad wokat tarapyndan düzgün- nyzam etmişi edilen halatynda welaýat, welaýat hukukly şäher
adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygy, edilen etmişiň häsiýetini nazara alyp, adwokaty
düzgün- nyzam jogapkärçiligine çekmezden, oňa jemgyýetçilik täsir ediş çäresini ulanmak üçin
maglumatlary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar
kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagyna, ýuridik maslahathananyň adwokatla rynyň ýa-da
beýleki adwokatlar birleşiginiň agzalarynyň ýygnagyna i ber i p bi l er .
41- nj i madda. W elaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynda agzalygyň bes
edilmegi
1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy adwokaty kollegiýadan
şeýle ýagdaýlarda çykaryp biler:
1) hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamanyň ýatyrylan halatynda;
2 ) adwokat tarapyndan adwokatlyk işi hakyndaky kanunçylygyň gödek bozulan ýa -da onuň öz
borçlaryny yzygiderli ýerine ýetirmedik halatynda; 3) adwokat tarapyndan adwokatyň statusy bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş edilen halatynda;
4) adwokatyň hünär derejesiniň ýeterlik bolmandygy sebäpli, özüniň kär borçlaryny ýerine
ýetirmegi mümkin bolmadyk halatynda ýa-da hünär taýýarlyklylygynyň hünär synagynyň netijesi
kanagatlanarsyz bolanda;
5 ) adwokatyň saglyk ýagdaýy zerarly , kär borçlaryny ýerine ýetirmegi niň mümkin däldigi aýan
bolanda;
6 ) döwlet gullugyna kabul edilende ýa -da telekeçilik işini ýöredende;
7) agzalyk tölegini yzygiderli tölemese;
8) adwokat da Türkmenistanyň raýatlygy ýatyrylan ýa-da adwokatyň Türkmenistanyň çäginden
hemişelik ýaşamak üçin çykyp giden h al at y n d a;
9 ) kollegiýanyň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.
2. Adwokatlar kollegiýasynyň agzalygyndan çykarmak hakynda prezidiumyň kararynyň nusgasy
oňa berlen gününden başlap, bir aýyň dowamynda kazyýete şikaýat edilip bilner. 3. Adwokat adwokatlar kollegiýasy bilen zähmet gatnaşyklaryny öz başlangyjy (öz islegi)
boýunça bes edip biler. V bap. Welaýat, welaýat hukukly şäh er adwok at l ar
kollegiýasynyň serişdeleri. Adwokatlyk işine kömek
42- nj i madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň serişdeleri we
olaryň harçlanylyşy
1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň serişdeleri ýuridik
ma slahathanalaryň adwokatlaryna hukuk kömegi üçin tölenýän töleglerinden bölünip goýberilýän
serişdelerden we kollegiýanyň beýleki agzalarynyň agzalyk töleglerinden emele gelýär. 2. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň gaznasyna bölünip g oýberilýän
serişdeleriň we agzaly к tölegiň möçberi kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan
bellenilýär, ýöne ol adwokatlar kollegiýasyna gelip gowşan adwokatlaryň alan tölegleriniň otuz
göteriminden ýokary bolmaly däldir. 3. Welaýat, welaýat huku kly şäher adwokatlar kollegiýasynyň serişdelerini harçlamak işi
kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanylan çykdajylar sm et asy n a laýyklykda
geçirilýär.
4. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy döwlet durmuş ätiýaçlandyrm asyna
Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan möçberde serişdeleri geçirýär. 5. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň işgärleriniň wezipe sanawlary,
wezipe aýlyk haklary, zähmet haky gaznasy hem -de girdejiler we çykdajylar smetasy maliýe
edaralarynda bellige alynmaga degişli däldir.
43-nj i madda. W elaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň maddy- tehniki
üpjünçiligi
W elaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň maddy -tehniki üpjünçiligi adwokatlar
kolleg iýasynyň serişdelerinden amal edilýär.
44- nji madda. Adwokatlyk işine guramaçylyk -usuly taýdan kömek
1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň
işine guramaçylyk -usuly kömegi berýär we olaryň işini ut gaşdyrýar.
2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
1) adwokatlar kollegiýalary tarapyndan adwokatlaryň işi hakyndaky Türkmenistanyň
kanunçylygynyň berjaý edilişine barlagy amala aşyrýar;
2) adwokatlyk işiniň meseleleri boýunça gollanmalary we usuly maslahatlary neşir edýä r;
3) adwokatlar kollegiýalarynyň prezidiumlarynyň başlyklarynyň kollegiýalaryň işi baradaky
maglumatlaryny alýar we seljerýär; 4) adwokatlaryň özlerine Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan berlen hukuklaryndan doly
peýdalanmaklary we olaryň üstüne ýüklenilen borçlaryny dogry berjaý etmekleri üçin şertleriň
döredilmegine ýardam edýär;
5) adwokatlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmekde adwokatlar
kollegiýalaryna kömek berýär, maglumat -ha bar beriş gorlaryny we kadalaşdyryjy hukuk n am al ar y
berýär ;
6) adwokatlar kollegiýalarynyň işini amaly taýdan umumylaşdyrýar, olaryň işiniň oňyn
tejribeleriniň ýaýradylmagyny guraýar;
7) adwokatlar kollegiýalarynyň pr ezi di umyna aýry- aýry adwokatlary düzgün- nyzam
jogapkärçiligine çekmek hakynda teklipnama bilen ýüzlenýär;
8 ) ad w о k at l ar y ň professional işi bilen baglanyşykly yzarlanylmagyndan, hukuklarynyň esassyz
çäklendirilmeginden, olara howp salynmagyndan goramak babatda çäreler görýär;
9) adwokatyň şahsyý etnamasynyň görnüşini tassyklaýar;
10) adwokatlar kollegiýasyna guramaçylyk -usuly kömegi bermek bilen baglanyşykly beýleki
ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
45- nj i madda. W elaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň beýleki döwlet
edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşyklary
Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy adwokaturanyň wezipelerini amala
aşyranda döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen aragatnaşyk saklaýar, Türkmenistanyň
kanunçylygy barada wagyz-nesihat işlerini amala aşyrýar.
46- njy madda. Adwokatlaryň bileleşigi
1. Adwokatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde adwokatlaryň
umumydöwlet bileleşigini döretmäge we onuň agzalary bolmaga hukugy bardyr. 2. Adwokatlaryň umumy döwlet bileleşigi adwokatlyk işini kämilleşdirmek, adwokatura
institutynyň garaşsyzlygyny we öz -özüňi dolandyryşygy berki tmek, döwlet edaralary we jemgyýetçilik
birleşiklеr i b i l en gat n aşyklary sazlaşdyrmak we ösdürmek, adwokatlaryň bähbitlerine wekilçilik etmek,
adwokatlaryň hünär we durmuş hukuklaryny goramak, usuly işi amala aşyrmak, adwokatlaryň hünär
derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen döredilýär. 3. Adwokatlaryň umumydöwlet bileleşigi Türkmenistanyň Adwokatlar konferensiýasynyň
çözgüdi esasynda döredilip bilner.
VI bap. Jemleýji düzgünler
47- nji madda. Adwokat statusynyň saklanyp galmagy
Türkmenistanyň çäginde şu Kanunyň güýje giren gününe çenli döredilen we hereket edýän
w elaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýalarynyň adwokatlary şu Kanun kanuny taýdan
güýje girenden soň hem özleriniň adwokat statuslaryny ýuridik maslahathanalarda işleýän döwründe
hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama almazdan saklaýarlar.
48- nji madda. Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanuny 2010- njy ýylyň 1-nji iýulyndan g üýje girizmeli.
Türkmenistanyň Gur bangul y
Pr ez i d en t i Ber di muhamedow
Aşgabat şäheri.
201 0-nj y ýylyň 10-njy maýy.
№ 105- IV.