Resolution 6547 Registration of Public Associations

For optimal readability, we highly recommend downloading the document PDF, which you can do below.

Document Information:

  • Year:
  • Country: Turkmenistan
  • Language: Turkmen
  • Document Type: Domestic Law or Regulation
  • Topic:

This document has been provided by the International
Center for Not -for -Profit Law (ICNL).

ICNL is the leading source for information on the legal environment for civil society and public
participation. Since 1992, ICNL has served as a resource to civ il society leaders, government officials, and the
donor community in over 90 countries.

Visit ICNL’s Online Library at https://www.icnl.org/knowledge/library/index.php
for further resourc es and research from countries all over the world.

Disclaimers Content. The information provided herein is for general informational and educational purposes only. It is not intended and should not be construed to constitute legal advic e. The information contained herein may not be applicable in all situations and may not, after the date of its presentation, even reflect the most current authority. Nothing contained herein should be relied or acted upon without the benefit of legal advic e based upon the particular facts and circumstances presented, and nothing herein should be construed otherwise. Translations. Translations by ICNL of any materials into other languages are intended solely as a convenience. Translation accuracy is not guaranteed nor implied. If any questions arise related to the accuracy of a translation, please refer to the original language official vers ion of the document. Any discrepancies or differences created in the translation are not binding and have no legal eff ect for compliance or enforcement purposes. Warranty and Limitation of Liability. Although ICNL uses reasonable efforts to include accurate and up -to-date information herein, ICNL makes no warranties or representations of any kind as to its accuracy, cur rency or completeness. You agree that access to and use of this document and the content thereof is at your own risk. ICNL disclaims all warranties of any kind, express or implied. Neither ICNL nor any party involv ed in creating, producing or delivering th is document shall be liable for any damages whatsoever arising out of access to, use of or inability to use this document, or any errors or omissions in the content thereof.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

14 Türkmenbaşy 2004 ý. № 6547 Aşgabat ş.

Jemgyýetçilik birleşiklerini hasaba almak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň
ýygyndysy, 2004 ý., № 1, 31 -madda)

«Jemgyýetçilik bir leşikleri hakyndaky» Tü rkmenistany ň Kanunyna laýyklykda karar
edýärin:
1. Jemgyýetçilik birleşiklerini hasaba almagyň kadalaryny tassyklamaly (go şulýar).
2. Jemgyýetç ilik birle şikleriniň hasaba alnandygy üçin alynýan hasaba alyş ýygymlaryny:
ýerli jemgyýetç ilik birle şikleriniň hasaba alynmagy üçin – binýatlyk mö çberiň alty essesi;
umumymilli jemgyýetç ilik birle şikleriniň hasaba alynmagy üçin -binýatlyk möçberiň on
essesi;
halkara jemgyýetç ilik birle şikleriniň hasaba alynmagy üçin -binýatlyk möçberiň kyrk essesi
(şol sanda ýüzden 50 bölegi daşary ýurt pulunda) möç berde bellemeli.
Maýyplaryň, weteranlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýaşlaryň jemgyýetç ilik birle şikleriniň
hasaba alnandygy üçin ýygymyň görkezilen möçberleri 50 göterim azaldylýar.
Çagalar jemgyýetçilik birleşikleri hasaba alyş ýygymyny tölemekden bo şadylý ar.
Jemgyýetç ilik birle şikleriniň tertipnamalaryna olaryň derejesiniň üýtgemegine getirmeýän,
soňraky girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň hasaba alyn magy üçin jemgyýetç ilik birle şiginiň
hasaba alynmagy boýunça tölenilen ýygymyň ýüzden 20 bölegi m öçberde ýygym alynýar.
Öz derejesini üýtgeden jemgyýetç ilik birle şikleriniň gaýtadan hasaba alnandygy üçin
jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alynmagy boýunça tölenilen ýygymyň ýüzden 50 bölegi
möçberde (şol sanda öz işini daşary ýu rt d öwletiniň çäklerine ý aýradan jemgyýetçilik birleşikleri
üçin daşary ýurt pulunda) hasaba alyş ýygymy alynýar.
Öň hasaba alnan jemgyýetçilik birleşikleri gaýtadan hasaba alnanda jemgyýetç ilik birle şiginiň
hasaba alynmagy üçin tölenilen ýygymyň möçberiniň ýüzden 50 bölegi a lynýa r.
3. Hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnamanyň, jemgyýetç ilik birle şiginiň tertipnamasynyň
öwezlikleri niň berlendigi üçin jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alynmagy boýunça tölenilen
ýygymyň möçberiniň ýü zden 20 bolegi alynýar.
4. Alynýan hasaba alyş ýygy mlary bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň
girdejisine geçirilýär.
5. T ürkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň
buýurmasy boýunça jemgyýetç ilik birle şikler iniň hasaba alynmagy hakyndaky şahadatnam alaryň
ülňülerini ýasamak üçin maliýe serişdelerini bermeli.
6. «Jemgyýetçilik birleşiklerini hasaba almagyň mese leleri» hakynda T ürkmenistanyň
Prezidentiniň 1992 -nji ýylyň Nowruz aýynyň 3-inde çykaran № 632 kararyny (T ürkmenistanyň
Prezidentiniň namalaryn yň we Türkmenistanyň Hö kümetiniň çözgütlerinin ýygyndysy, 1992 -nji
ýyl, № 3, 210 -njy madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Saparmyrat Türkmenbaşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň
2004 -nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 14 -nde
çykaran № 6547 karary bilen
tassyklanyldy

Jemgyýetçilik birleşiklerini hasaba almagyň
KADALARY

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.10.2008 ý. çykaran № 10071 karary esasynda girizilen
üýtgetmeler we goşmaçalar bilen )

1. Umumy düzgünler

1. Şu Kadalar Türkmenista nyň ulanylýan kanunçylygy esasynda jemgyýetçilik birleşiklerini
döwlet tarapyndan hasaba a lmagyň tertibini düzgünleşdirýär.
2. Kanuna laýyklykda jemgyýetçilik birleşiginiň edara görnüşindäki tarap hökmünde hukuk
ygtyýarlylygy Türkmenistanyň Adalat ministr liginde döw let tarapyndan hasaba alnan we ö zi
hakyndaky maglumatlar Edara görnüşindäki taraplaryň ýeke -täk dö wlet sanawyna girizilen
pursatyndan başlap ýüze çykýar.
3. T ürkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan görnüşlerine garamazdan, jemgyýetç ilik
birl eşikleri, şeýle hem daşary ýurt jemgyýetç ilik birle şikleriniň Türkmenistanyň çäklerinde
döredilen bölümleri we wekilçilikleri hasaba alynýar.
4. Jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alynmagy üçin şu resmi namalar berilýär:
arza;
jemgyýetç ilik birle şiginiň iki nusgadaky tertipnamasy;
dörediş gurultaýynyň (konferensiýasynyň) ýa -da umumy ýygnagyň jemgyýetç ilik birle şiginiň
döredilmegi, onuň tertipnamasynyň tassyklanylmagy we ýolbaşçy hem -de gözegçilik -derňew
edarasynyň düzülmegi hakyndaky maglumatlardan ybarat bo lan teswirnamasy;
döredijiler hakyndaky mag lumatlar;
hasaba alyş ýygymynyň tölenilendigi hakyndaky resmi nama;
jemgyýetçilik birleşigine hukuk salgysynyň berlendigi hakyndaky resmi nama.
Halkara jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alynmagy üçin sanalyp geçil en resmi namalardan
başga -da, Türkmenistany ň çäklerinden daşarda düzüm birlikleriniň – guramalarynyň, bölümleriniň ,
wekil çilikleriniň bardygyny tassyklaýan resmi nama zerurdyr.
Daşary ýurt jemgyýetç ilik birle şikleriniň düzüm birlikleri Tü rkmenistan yň çäkle rinde hasaba
alnan mahaly daşary ýurt dö wle tiniň çäklerinde döredilen esasy jemgyýetç ilik birle şiginiň dörediş
resmi namalarynyň bellenilen tertipde kepillendiriş taýdan güwä geçilen nusgalarynyň hem
hödürlenmegi zerurdyr.
5. Jemgyýetç ilik birle şiginiň has aba alynmagy hakyndaky arza, şeýle hem jemgyýetç ilik
birle şiginiň tertipnamasyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň hasaba alynmagy hakyndaky
arza jemgyýetçi lik birleşigini döredijileriň we onuň ýolbaşçy edarasynyň agzalarynyň her biriniň
familiýasyn yň, adynyň, atasynyň adynyň, doglan ýylynyň we ýaşaýan ýerin iň görkezilmegi bilen,
olaryň ählisi tarapyndan gol çekilýär.
6. Dörediş gurultaýynyň (konferensiýasynyň) ýa -da umumy ýygnagyň jemgyýetçi lik
birle şiginiň döredilmegi, onuň tert ipnamasynyň tassykla nylmagy we ýolbaşçy hem -de gözegçilik –
derňew edarasynyň düzülmegi hakyndaky maglumatlardan ybarat bolan teswirnamasy şu
maglumatlary: dörediş gurultaýynyň (konferensiýasynyň) ýa -da umumy ýygnagyň geçirilen
senesini we ýerini; döredijileriň – dörediş gurult aýyna (konferensiýasyna) ýa -da umumy ýygnag a
gatna şyjylaryň familiýasyny we adynyň we atasynyň adynyň baş harplaryny görkezmek b ilen
sanawyny; iş edaralarynyň (prezidium, müdiriýet we başgalar) sany we şahsy düzümi hakyndaky
maglumatlary; kabul edilen çözg ütleriň düýp mazmunyny we şolar boýunç a ses bermegiň
netijelerini; ýolbaşçy we gözegçilik -derňew edaralarynyň saýlanan agzalary hakyndaky
maglumatlary (familiýasyny, adyny, atasynyň adyny); gurultaýyň (konferensiýanyň) ýa -da umumy
ýygnagyň teswirnamasynyň düzülmegi üçin jogapkär başlygynyň we kätibiniň familiýasyny hem –
de gollaryny beýan etmelidir.
7. Döredijileriň – raýatlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan ýyly, raýatlygy, hemişelik
ýaşaýan ýeriniň salgysy we telef ony, pasport maglumatlary (tapgyry we belgisi , berlen senesi hem –

de ýeri, kim tarapyndan berlendigi) jemgyýetçilik birleşigini döwlet tarapyndan hasaba almak üçin
talap edilýän olar hakyndaky maglumatlara degişlidir. Görkezilen maglumatlar döredijileriň şahsy
goly bilen tassyklanylýar.
Şah sy adamlar bilen bir hatarda döredijileriň düzü mine girip bil jek edara görnüşindäki taraplar
bolup durýan jemgyýetçilik birleşikleri babatda döredijiler hakyndaky maglumatlarda:
jemgyýetç ilik birle şiginiň guramaçylyk -hukuk görnüşine we işiniň çägine salgyl anmagy özünde
jemleýän doly resmi ady; hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnamanyň belgisini görkezmek bilen,
jemgyýetçilik birleşiginiň hasaba alnan senesi; hukuk salgysy görkezilýär.
8. Jemgyýetç ilik birle şiginiň, onuň tertipnamasyna soňra girizilen üýtget meleriň we
goşmaçalaryň döwlet tarapyndan h asaba alnandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz
öňünde tutulan tertipde we möçberlerde hasaba alyş ýygymlary alynýar.
Jemgyýetiçilik birleşigi jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alnandygy üçin hasaba alyş
ýy gymynyň tölenilendigini tassyklaýan bank resmi namasyny berýär.
9. Jemgyýetçilik birleşigine hukuk salgysynyň berilmegi kärende şertnamasy we onuň
ýerleşýän ýerini tassyklaýan beýleki resmi namalar görnüşinde resmileşdirilip bilner.
Raýatyň ýaşaýan ýeri (ş ahsy eýeç ilik hukugynd a raýata degişli bolan jaý, öý) boýunça
jemgyýetçilik birleşigine hukuk salgysynyň berilmegi jemgyýetçilik birleşigini hasaba almakdan
boýun gaçyrylmagyna getirmeýär.
10. Dörediş gurultaýynyň (konferensiýasynyň) ýa -da umumy ýygnagyň t eswirnamasy,
dö redijiler hakyndaky maglumatlar we jemgy ýetçi lik birl eşigine hukuk salgysynyň berilmegi
hakyndaky resmi nama iki nusgada berilýär. Şu resmi namalaryň asyl nusgalarynyň birmeňzeş ligi
bellenilenden soň, olar jemgyýetç ilik birle şikleriniň wekil leri ne resmi namalaryň nusgalaryna gol
çekdirilip, gaýtarylyp berilýär.
11. Resmi namalar dörediş gurultaýynyň (konferensiýasynyň) ýa -da umumy ýygnagyň
geçirilen gününden başlap, bir aýyň dowamynda döwlet tarapyndan hasaba almaga berilýär.
12. Hasaba alynm agy üçin resmi namalar ý olbaşçy edaranyň agzalary ýa -da wekilleri
tarapyndan berilýär ýa bolmasa habardar etmek we içindäkini teswirlemek bilen, poçta göndermesi
arkaly Türkmenistanyň Adalat ministrligine iberilýär.
Görkezilen resmi namalary welaýatlarda döredilen jemgyýetçilik birleşikleri degişli welaýat
adalat bölüminiň üsti bilen, Aşgabat şäherindäki jemgyýetçilik birleşikleri bolsa, gönüden -göni
Türkmenistanyň Adalat ministrligine berýärler .
Resmi namalar döwlet tarapyndan hasaba alynmaga T ürkmenista nyň Adalat ministrliginiň
diwanynyň üsti bilen berlen mahaly Ministrligiň hünärmenleri resmi namalaryň bukjasyny düýp
mazmuny boýunça baha bermezden, kanunda göz öňünde tutulan tert ipde kabul edýärler.
Dörediş resmi namalarynyň Türkmenistanyň Adalat minist rligine gelip gowşan senesi olaryň
hasaba alýan edara berlen senesi bolup durýar.
13. Jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alynmagy üçin berilýän resmi nam alar we beýleki resmi
namalar Türkmenistanyň döwlet dilinde berilýär.

II. Jemgyýetcilik birleşiginiň resmi namalaryny hasaba almaga taýýarlamak

14. Jemgyýetçilik birleşigini hasaba almak barada çözgüt kabul edilmezden ozal berlen resmi
namalar garamak üçin taýýarlanylýar, onuň barşynda tertipnama we beýleki dörediş resm i namalary
şu aşakdaky meseleler boýunça seljerilýär:
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat
bitewi döwlet kanunyna, «Jemgyýetçilik birleşikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna,
beýleki kadalaşdyryjy hukuk namala ryna laýyk gelýändigi;
talap edilýän resmi namalaryň sanawynyň dolulygy we olaryň dogry resmileşdirilendigi;
hasaba alynmaga hödürlenen dörediş resmi namalaryndaky maglumatlaryň dogrudygy;
jemgyýetçilik birleşiginiň adynyň kanunçylygyň talaplaryna laýyk ge lýändigi;
jemgyýetç ilik birle şikleriniň sanawynda we jemgyýetçilik birleşikleriniň öz işini amala
aşyrýan çäklerindäki ýerlerde şol bir at bilen hasaba alnan jemgyýetç ilik birle şiginiň ýokdugy.

15. Hasaba a lynmaga taýýarlyk görülmeginiň barşynda jemgyýetçi lik birleşiginiň arzasy
boýunça resmi namalaryň hasabyny ýörediş kitabynda bellik etmek bilen, oňa resmi namalar
gaýtarylyp berlip bilner (T ürkmenistanyň Adalat ministrliginde galdyrylýan tertipnamanyň we
arzanyň bir nusgasyndan başgasy).
16. Dörediş resmi namalarynyň mazmuny boýunç a g aýtadan işlenilmegini talap edýän
bellikler resmi tertipde Tükmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan jemgyýetç ilik birle şiginiň
ýolbaşçy edarasynyň dykgatyna ýetirilýär.
Hasaba alýan edaranyň işgärleri tarapyndan jemgyýetç ilik birle şikleriniň özleriniň
garamagynda bolan dörediş resmi namalarynyň rejelenmegine ýol berilmeýär.
17. Jemgyýetç ilik birle şiginiň tertipnamasyna laýyklykda şol jemgyýetçilik birleşigine döwlet
häkimiýet edaralarynda ygtyýar berlen jemgyýetç ilik birle şiginiň ýolbaşçylary ynanç haty
bolmazdan, beýleki adamlar bolsa öz tertipnamasyna laýyklykda muňa ygtyýarly edilen ýolbaşçy
edara ýa -da jemgyýetç ilik birle şiginiň hukuk taýdan ygtyýarly wezipeli adamy tarapyndan berlen
ynanç haty boýunç a hasaba almak mesele lerinde jemgyýetç ilik birle şiginiň bähbitlerine wekilçilik
edýärler.

III. Jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alynmagy hakyndaky arza boýunça çözgüt

18. T ürkmenistanyň Adalat ministrligi jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alynmagy hakyndaky
arza bir aý möh letde garamaga borçludyr .
Arza garamagyň netijeleri boýunça aşakdaky çözgütleriň biri kabul edilýär:
jemgyýetçilik birleşigini hasaba almaly we onuň hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnamany
bermeli;
boýun gaçyrylmagynyň ýazmaça delillerini bermek bilen, je mgyýetçilik birleşigini hasaba
almakdan boýun gaçyrmaly, bu barada bolsa kazyýete şikaýat edilip bilner.
19. Hasaba almak hakyndaky çözgüdiň esasynda jemgyýetç ilik birleşigine ony jemgyýetç ilik
birle şikleriniň sanawyna girizmek bilen, hasaba alyş belgisi b erilýär.
20. Hasaba alnan jemgyýetçilik birleşigine hasaba alnandygy hakynda bellenilen nusgadaky
şahadatnama we tertipnamanyň bir nusgasy tikilen görnüşde, Türkmenistanyň Adalat ministrligi
tarapyndan güwä geçilip berilýär.
21. Jemgyýetç ilik birle şiginiň tertipnamasynyň iki nusgasy tikilýär we oňa soňky
sahypasynyň arka ýüzünde hasaba alynmagy üçin jogapkär wezipeli adamyň goly we
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň tugraly möhri bilen güwä geçilýär.
Jemgyýetç ilik birle şiginiň tertipnamasynyň ikinji nusga sy we jemgyýetç ilik birle şigi niň
hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde
saklanylýan hasaba alyş işine tikilýär.
22. Ulanylýan kanunçylykda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde jemgyýetçilik
birleşigini h asaba almakdan boýun gaçyrylyp bilner.
Jemgyýetç ilik birle şiginiň döredilmegi maksada laýyk däl diýlen delil boýunça hasaba
almakdan boýun gaçyrylmagyna ýol berilmeýär.
23. Jemgyýetçilik birleşigini hasaba almakdan boýun gaçyrylan halatda arza berijilere
bozulmagy şu jemgyýetçilik birleşigini hasaba almakdan boýun gaçyrylmagyna getiren
Türkmenistanyň kanunç ylygynyň düzgünlerini görkezmek bilen, bu barada ýazmaç a görnüşde 10
gün möhletde habar berilýär.
Ýazmaça arzanyň esasynda hasaba alynmaga berlen resm i namalar, jemgyýetçilik birleşigine
gaýtarylyp berilýär. Hasaba almakdan boýun gaçyrylan pursatda işde bar bolan ähli resmi
namalaryň nusgalary Türkmenistanyň Adalat ministrliginde galýar.
24. Jemgyýetçilik birleşigini hasaba almakdan boýun gaçyrylmagy ha saba alma kdan boýun
gaçyrylmagyna getiren esaslar düzedilen şert lerinde hasaba alynmagy üçin resmi namalaryň
gaýtadan berilmegine päsgelçilik bolup durmaýar.

Türkmenistanyň Adalat ministrligine gaýtadan ýüz tutulmagyna garamak we şol ýüztutma
boýunça çözgü t ç ykarmak T ürkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde amala
aşyrylýar.
25. Jemgyýetçilik birleşigini hasaba almakdan boýun gaçyrylmagy barada kazyýete şikaýat
edilip bilner.
26. Jemgyýetç ilik birle şikle riniň tertipnamasyna girizilen üýtgetme ler we goşmaçalar
jemgyýetçilik birleşikleriniň hasaba alnyşy ýaly tertipde we möhletlerde hasaba alynmaga
degişlidir.
27. Jemgyýetç ilik birle şikleriniň tertipnamalaryna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň
hasaba alynmagy olaryň guramaçylyk -hukuk görnü şin iň, adynyň, ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän
ýeriniň, işiniň ýaýraýan çäginiň, maksatlarynyň we sanawda beýan edilýän beýleki düýpli
alamatlarynyň üýtgemegine getirse, şeýle halatlarda jemgyýetç ilik birle şikleriniň hasaba
alnandygy hakyndaky şahadatnama sy çalşylýar. Hasaba alnandygy hakynda öň berlen şahadatnama,
şeýle hem öň hasaba alnan tertipnama Türkmenistanyň Adalat ministrligine tabşyrylmaga
degişlidir.

IV. Jemgyýetç ilik birle şikleri niň hasaba alynmagyny ýatyrmak

28. Jemgyýetçilik birleşikleri te rtipnamada göz öňünde tutulan halatlarda gurultaýyň
(konferensiýanyň) ýa -da umumy ýygnagyň çözgüdi boýunça ýa -da kazyýetiň çözgüdi boýunça,
şeýle hem Tü rkmeni stanyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alynmagy ýatyrylan halatda
ýapylýar we öz işini bes ed ýär.
Eger jemgyýetçilik birleşigi, esasan, telekeçilik işine geçen bolsa ýa -da tertipnamada göz
öňünde tutulan maksatlaryny amala aşyrmak mümkin bolmadyk ýagdaýda onuň hasaba
alynmagyny Türkmenistanyň Adalat ministrligi ýatyrýar.
Jemgyýetç ilik birle şiginiň ýatyrylmagy hakyndaky arza kanunda göz öňünde tutulan
halatlarda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kazyýete berlip bilner.
Jemgyýetçilik birleşiginiň ýapylmagy hakyndaky kazyýetiň çözgüdi ýerine ýetirilýän mahaly
Türkmenistanyň Adalat ministrli gi jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alynmagyny ýatyrmak we
jemgyýetçilik birleşigini sanawdan çykarmak hakynda buýruk çykarýar.
29. Jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnama we jemgyýetç ilik
birle şiginiň hasaba alnan terti pnamasy yzyna alynmaga degişlidir we Türkmenistanyň Adalat
ministrliginde saklanylýan hasaba alyş işiniň maglumatlaryna goşulýar.
30. Jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alynmagyny ýatyrmak we ony sanawdan çykarmak
baradaky çözgüt jemgyýetç ilik birle şigini ň ýolbaşçy edarasyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Daşary ýurt maýa goýumlary baradaky döwlet gullugynyň edaralaryna, döwlet salgyt
gullugyna, «Türkmenmillihasabat» institutyna, bank edaralaryna iberilýär.

V. Resmi namalaryň öwezlikleriniň berilmegi hakynd aky arzalara garamak

31. Jemgyýetçilik birleşiginiň hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnamanyň ýa -da
jemgyýetç ilik birle şiginiň tertipnamasynyň asyl nusgalary ýitirilen halatda Türkmenistanyň Adalat
ministrligi olaryň öwezligini berýär .
32. Jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnamanyň we (ýa -da)
jemgyýetç ilik birle şiginiň tertipnamasynyň öwezlikleriniň berilmegi üçin Türkmenistanyň Adalat
ministrligine şu Kadalaryň 12 -nji bölüminiň ikinji bendinde göz öňünde tutulan tertipde aşa kdaky
resmi namalar berilýär:
jemgyýetçil ik birle şiginiň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen arza;
resmi namalaryň asyl nusgalarynyň ýitirilen halaty boýunça jemgyýetçilik birleşiginiň
ýolbaşçy edarasynyň çözgüdi;
görkezilen resmi namalaryň asyl nusgalarynyň ýitirilendigini tassyklaýan resmi namalary,
güwänamalary, delilhatlary.

33. Jemgy ýetçilik birleşiginiň hasaba alynmagy hakyndaky şahadatnamanyň we
tertipnamasynyň öwezlikleriniň berilmegi baradaky arza Türkmenistanyň Adalat ministr liginde bir
aý möhletde garalýar.
Hasaba alyş resmi namalarynyň öwezlikleri resmil eşdirilen mahaly olaryň ýüz tarapyna
«Öwezlik» diýlip bellik edilýär. Resmi namanyň berlen öwezliginiň nusgasy, şeýle hem ony
bermek üçin esas bolup hyzmat eden resmi namalar hasaba alyş işine goşul ýar.

VI. Hasaba alnandygy hakyndaky resmi namalary resmil eşdirmek we saklamak

34. Jemg yýetç ilik birle şikleriniň hasaba alynmagy hakyndaky resmi namalar aýratyn hasaba
alyş işlerinde jemlenilýär, şolarda bolsa hasaba alynmagy üçin berilýän we şu Kadalaryň 4-nji
bölüminde sanalyp geçilen ähli resmi namalar, şeýle hem jemgyýetç ilik birle şiginiň hasaba
alnandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy bolmalydyr.
Hasaba alyş işlerine onuň tertipnamalaýyn işiniň barlagy hakyndaky delilhatlar, jemgyýetçilik
birleşigi bilen soňra alşylan ähli hatlar, jemgyýetç ilik birle şigi niň işiniň dowam etmegi hakyndaky
her ýyllyk hasabat maglumatlary we başgalar goşulý ar.
Hasaba alyş işiniň sahypalary sanlar bilen belgilenýär, işe berkidilýär we bukjada tikilýär,
onuň iç ýüzünde ond aky resmi namalaryň ady we sany ýazylýar.