Skip to main content

Law On State Youth Policy

This document has been provided by the International
Center for Not -for -Profit Law (ICNL).

ICNL is the leading source for information on the legal environment for civil society and
public participation. Since 1992, ICNL has served as a resource to civ il society leaders,
government officials, and the donor community in over 90 countries.

Visit ICNL’s Online Library at http://www.icnl.org/knowledge/library/index.php
for further resourc es and research from countries all over the world.

Disclaimers Content. The information provided herein is for general informational and educational purposes only. It is not intended and should not be construed to constitute legal advic e. The information contained herein may not be applicable in all situations and may not, after the date of its presentation, even reflect the most current authority. Nothing contained herein should be relied or acted upon without the benefit of legal advic e based upon the particular facts and circumstances presented, and nothing herein should be construed otherwise. Translations. Translations by ICNL of any materials into other languages are intended solely as a convenience. Translation accuracy is not guaranteed nor implied. If any questions arise related to the accuracy of a translation, please refer to the original language official vers ion of the document. Any discrepancies or differences created in the translation are not binding and have no legal eff ect for compliance or enforcement purposes. Warranty and Limitation of Liability. Although ICNL uses reasonable efforts to include accurate and up -to-date information herein, ICNL makes no warranties or representations of any kind as to its accuracy, cur rency or completeness. You agree that access to and use of this document and the content thereof is at your own risk. ICNL disclaims all warranties of any kind, express or implied. Neither ICNL nor any party involv ed in creating, producing or delivering th is document shall be liable for any damages whatsoever arising out of access to, use of or inability to use this document, or any errors or omissions in the content thereof.

Türkmenistanyň Kanuny

Türkmenistanda ýaşlar baradaky d öwlet syýasaty hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., № 9 -10, 72 – madda)

(Türkmenistanyň 15.09.1998 ý. № 304 -1 Kanuny esasynda girizilen
üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwl et syýasaty ny amala aşyrmagy ň esasy
ýörel gelerini kesgitle ýär .
Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakyndaky Kanun Türkmenistanda ýaşlar
baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi , ýaş graždanlaryň hukuklaryny hem -de
azatlyklaryny, şeýle hem ýaşlar birleşikleriniň hukuklaryny amala aşyrmagy kepillendirmäge
niýetl enendir.

I BAP.
UMUMY DÜZGÜNLER

1 -nji madda. Ýaşlar baradaky döwlet syý asaty

Türkmenista nda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty döwl eti ň umumy syýasatynyň aýr ylmaz
böl egi bolup, ol Türkmenistanyň ýaş graždanlarynyň sosial -ykd ysady, syýasy hukuklaryny we
azatlyklaryny üpjü n etmäg e gö nük dirilendir.

2-nji madda. Türkm enistanda ýaşlar baradaky döwl et syýasatyny ň ýörelgeleri

Türkm enistanda ýaşlar baralaky döwlet syýasaty amala aşyryla nda şu ýö relgelere:
-milletine, gelip çykyş yna , jynsyna, emläk we eýeleýän wezipesine, diline, dine bolan
gara ýşy na, syýasy ynamlaryna we partiýa degişl iligine garamazdan, ýa ş graž danlaryň
hukuklar ynyň we azatlyk larynyň de ňligi;
-ýaşlaryň ruhy, be den ta ýd an ösmegi, hünär taýdan taýýarlygy üçi n ykdy sady, sosial, hukuk
şertler iniň we olary ň okuwda, zähmetde , ylymda, jemgy ýetçilik hem d öwlet işinde öz ukyplaryny
amala aşyrmagy üçin mümkinçilikl eriň üpjün edilmegi ;
-ýaşlaryň durmuşyna de gişli syýasatyň we pro grammalaryň düzülmeg ine hem durmuşa
geçirilme gine ýaşlaryň gatnaşmagy ;
-ýaş graž danlary gyzyklan dyrýa n zatlary ň we olary ň isleg -höwesleriniň nazara alynmagy;
-ýaş graždanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy;
-ýaşlar guramalaryny ň osüşinde özbaşdaklygyň kepillendirilmegi;
– hukuklaryň we borçlaryň , a zatlyklaryň we graždan jogapkärçiliginiň bütewiligi ýaly
ýörelgelere esaslanýar .

3-nji madda. Türkm enistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ny ň subýe ktleri

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň şular sub ýe ktleridir:
-30 ýaşa çenli bola n ýaş gražda nlar;
-är-aýalyň her birini ň ýaş y 30 -a ýetmedik ýaş maşgalalar ;
-ýaş jemgy ýetçilik birleşikleri .

4-nji madda. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda Türkmsnistanyň
kanunçylygy

Türkme nistanda ýaşl ar baradaky döwlet syýasatynyň du rmuşa geçir ilmegi bilen baglany şykly
gatn aşyklar Türkmenistanyň Konstitu siýasy bilen, şu Kanun bilen we Türkmenistanyň be ýleki
kanunçylyk aktlary bilen kadala şdyrylýar .
Türkmenistanyň kanunçylyk aktlaryndan tapawutlylykda, Türkmen istany ň gatnaşan halkara
şertn amalarynda başga düzgünler bellenen bolsa, onda halkara şertnamalary nyň we ylalaş yklaryn yň
düzgünler i ulanylýar .

5-nji madda. Ýaşlar syýasatyny durmuşa g eçirm ekde döwl et dolandyrylyşy
Dö wletiň ýaşlar syýasaty ny kesgitlemek T ürkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala
aşyrylýar .
Döwletiň ýaşlar syýasaty ny durmuşa gsçirm ekde döwl et dolandyryşy şu Kanun,
Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary bilen bellenen tertipde Türkmenistanyň M inistrler
kabinetiniň , be ýleki döwlet organlarynyň üstüne ýüklenilýär .
Döwletiň ýaşlar syýasatyny kompl eksleýin (toplumlaýyn ) dolandyrmak üçin Türkme nis tanyň
M inistrler kabinetiniň ýanynda Türkmenistanyň ýaşlaryň işleri baradaky döwlet organy döredilýär.
Oňa deg işli ygtyýarlar :
– ýaşlar baradaky dö wlet syýasýatyny amala a şyrm ak babatynda toplumlaýy n hem ýörit e
programmalary, sosial normalary we normatiwleri işläp düzmek , bu ugurda be ýleki kararlary
taýýarlamak , şolaryň ýerine ýetirilşini utgaşdyrmak we olara gözegçilik (kontrollyk) etmek;
-döwl etiň yklysady we sosial ta ýdan ösüş planlaryny ň we programmasynyň proýektlerini,
degişli býujetl eriň proý ektlerini i şläp düzmä ge gatna şmak;
-ýaşlaryň we ýaş lar baradaky döwlet syýasaty ny ň programmalary boýu nça barlaglary
geç irmek;
-ýaşlar sredasynda sosial prosesleri analizlemek we çakl amak ;
-ýaşlaryň sosial gulluklaryny d öretmek bo ýunça iş aly p barmak;
-Tü rkmenistanda ýaş lar baradaky d öw let syýasatyny durmu şa ge çirmek üç in d öwlet
býujetinden bölünip berilýän maliýe serişdelerine serenjam bermek ;
-ýaş lar birleşikler ine dotasiýalary we sub sidiýalary bermek;
-onu ň üstüne ýüklenen beýleki wezipeleri amala aş yrmak.
Ýer ine ýetiriji häkimiýetiň ýerli organlarynda ýaşlaryň işleri baradaky bölümler döredilýär.
Ýaşlaryň işleri baradaky döwlet organynyň hukuk taýdan statusy we düzümi Türkmenistany ň
ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýan düzgünnama bilen kesgitlenýär.
II BAP.
ÝAŞLARYŇ HUKUK WE SOSIAL TAÝDAN GORAGLYLYGY

6-nji ma dda. Ýaş graždanlaryň hukuk w e sosial taýdan goraglylygyn yň
kepillendirilmegi

Türkmenistandaky ýaş graždanlar Türkmen istanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň
be ýleki kanun çylyk aktlary tarapyndan berkidilen sosial -ykdysady, syýasy , şahsy hukuklara hem
azatlyklara doly eýed ir hem -de Türkmenistanyň gražd anlary üç in kesgitlenen b orçlara jogapk ärdir.
Ýaşyna baglylykd a ýaş gražda nlary ň hukuklary nyň we azatlyklary nyň göni ýa -da gytak laýyn
çä klendirilmegi, şeýle hem şonuň esasynda olary ň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşda
ulanylmagyna islendik formada böwet bolunmagy bikanun hasaplanyp, munuň üçin
Türkmenistanyň kan unlarynda göz öňünde tutulan esaslarda jogapkärçilik çekilýär.
Eger Türkmenistanyň kanunlary arkaly başga zat göz öňü nde tutulmadyk bolsa, galan
graždanlar üçin bellenen borçlara gara nda ýaş gražda nlara haýsyd yr bir goşmaça borçlary
ýüklemäge ýol berilmeýä r.
18 ýaşyna , käm illik ýaş yna ýetm edik adamlar döwletiň aýratyn goragyndan peýdalanýarlar.
Döwlet kämillik ýaşyna ýetmedikleriň heniz ýaşdygy zerarly öz hereketleriniň manysyny
doly d erejede aňşyryp bilmeýändigini göz öňünde tutup, olary ň öz hereketleri b ilen hukuk

edinmek, özleri üçin borç döretmek we ýuridiki jogapkärçilik çekmek ukybyny çäklendirýär.
Döwlet şeýle hem olaryň hukuklaryny amala aşyrmagyň aýratyn tertibini belleýär. Ýaş
graždanlaryň ukypsyzlygynyň doly däl möçberi, edil şonuň ýaly -da olaryň hukuklaryny amala
aşyrmaga ýörite tertibi diňe kanun tara pyndan bellenip bilner.
Döwlet organlary we wezipeli adamlar , pedagogik w e sosial edaralary nyň işgärleri käm illik
ýaşyna ýetm edikleri ň jenaýat alamatlary bolan etmişleri hem -de hukuk tertibini bozan dyklary
hakynda jemagat arasynda ýaýran maglumatlara esaslanyp, olar babatda täsir ediş çärelerini ulanyp
bilmezler, ýöne şol agzalan çäreleriň suduň karary bilen ulanylýan jenaýat jezasynyň ýa -da
administratiw temminiň görnüşi bolan ýa -da terbiýeçilik häs iýetdäki mejbur ediş çärelerine degişli
bolan çäreleri muňa girmeýär.
Ýaş gražda nlary ň aýry -aýry toparlary nyň (inwalidleriň, fiziki we akyl taýdan kemter ösen
çagalaryň, ýetim çagalaryň, ene -ata hossarlygyndan mahrum edilen çagalaryň, çagalary
terbiýeleýän eneleriň we ş.m.) hukuklaryny goramak meselesi Türkmenistanyň kanunlary bilen
düzgünleşdirilýär .

7-nji madda. Bilim ugrunda (sfe rasynda) ýaş graždanlaryň hukuklary we olary ň sosial
taýdan goraglylygy

Ýaş gražda nlary ň okamak, terbi ýe almak, ruhy ta ýda n ösmek, kesp -kär boýunça taýýar lyk
babatynda sosial taýdan hyzmatlary almagy kepil lendirilýär. Olara d öw let tarapyndan beril ýä n
bilim hyzmatlaryny ň ähli gör nüşleriniň we tipleriniň umumy elýe terli we mugt bolmagy üpjün
edilýär .
Ýaş graždanine okuw ja ýyny, okuwy ň okadylýa n dilini, okuwyň ugruny we görnüşini saýlap
almaga hukuk berilýär.
Bilim berýä n döwlet edaralarynda okaýan Türkmenistanyň ýaş graždanlarynyň ýe ňillikl i
naharlanmaga, medisina hyzmatyna, okuw kitaplaryndan we okuw esbaplaryndan mugt
pe ýdalan maga , bilim alýan döwründe okuw j aýynyň okuw -önümçilik , ylmy w e medeni -sport
bazasyndan mugt peýdalanmaga , şeýle hem s tipendiýalary, berilýän kömek töleglerini we öwez
puluny almaga, okuw jaýynyň öz -özüni dolandyryş organlarynyň işine gatnaşmaga hukugy ba rdyr.
Ma ddy kömege mätäç talyplara hem -de okuwçylara ýokary we ýörite okuw jaýlarynda
döredilýän sosial kömek fondlarynyň serişdelerinden zerur goldaw berilýär.

8-nji madda. Bilim beriji edaralar bilen özara gatnaşyklarda ýaş graždanlaryň
hukuklarynyň ü pjün edilm egi

Ýaş graždanlar bilen bilim berýän edaralaryň arasyndaky hukuk gatnaşyklary şol
gatnaşyklara gatnaşyjylaryň deňligine esaslanýar.
Bilim beriji edaralaryň administrasiýalary bilen okuwçylaryň arasyndaky özara gatnaşyklarda
okuwçylaryň hukuklar y we borçlary Türkmenistanyň kanunçylyk aktlary, wedomstwolaýyn
normatiw aktlar, okuwçylaryň ýa -da olaryň kanuny wekilleriniň gatnaşmagynda bilim beriji
edaralaryň öz -özüňi dolandyryş organlary tarapyndan kabul edilen kararlar, okuwçylaryň hem -de
olaryň ko llektiwleri bilen bilim edaralarynyň administrasiýasynyň arasyndaky şertnamalar
(ylalaşyklar) bilen bellenilýär.
Okuwçylary we talyplary gös -göni okuw prosesinden gelip çykmaýan borçlary ýerine
ýetirmäge ýa -da olaryň öz hukuklaryny peýdalanmakdan boýun gaç yrmaga mejbur etmäge, şeýle
okuwçynyň şahsy durmuşyna gatyşmagy amala aşyrmaga we okuwynyň ynsanlyk mertebesini
peseltmäge bilim edaralarynyň administrasiýasynyň we işgärleriniň haky ýokdur.
Bilim edaralarynyň administrasiýasy ýa -da işgärleri tarapyndan hu kuga ters gelýän şeýle
hereketler amal edilen mahalynda, hukuklary bolzulan okuwçylar ýa -da olaryň kanuny wekilleri
bilim beriji edaralar tarapyndan ýetirilen zyýanyň öweziniň doldurylmagyny sud tertibinde talap
etmäge haklydyr.

9-njy madda. Ýaşlaryň zähm ete bolan hukugynyň durmuşa g eçirilm egi

Döwle t ýaşlary önümç ilikde indi widuallaýyn şägirt ýetişdirmegi, olary başga usul bilen
önümç ilikde okatmagy hem -de kärha nalarda olaryň hünarin i ýokarlandyrmagy höweslendirýä r,
şunda ol ykdysady ta ýdap d üzgünleşdirme giň we ýeňillikli salgyt salmagy ň usullaryny ulanýar .
Jemgyýetçilik -peýdaly zähmet bilen me şgul bolmaýan ýaş graždanlar , umumy bilim b erýän
mekdebi tamamlanlar, hakyky harby gullugy ge çip gutarandan soňra zapasa goýberile nler, edil
şonuň ýaly -da öň zähmet gatnaş yklarynda bolmadyklar Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda iş
bilen üpjün ediş gullugynyň üsti bilen işe ýerleşmäge ýardam edilmegine bolan hukuga eýedir.
Ýerli ýeri ne ýetiriji häkimiýet organlarynyň karary esasynda döwlet karhanalaryna we
guramalar yna ýaşlaryň şol kategori ýasy ny işe almaga we olary önümç ilikde okatmaga orun (kwota)
sany bell enilýär .

10 -njy madda. Ýaş graždanlaryň kepillendirilen sosial hyzmatlary
almaga bolan hukuklary

Ýaş graždanlaryň milletine, gelip çykyşyna, jynsyna, dini ygtykadyna, emläk we wezipe
ýagdaýyna garamazdan, sosial hyzmatlaryň döwlet tarapyndan kepillendirilen zerur minimumyny
almaga hukugy bardyr.
Ýaş graždanlaryň kepillendirilen derejede almaly sosial normalarynyň we normatiwleriniň
sistemasy döwlet tar apyndan bellenilýär.
Döwlet, jemgyýetçilik organlarynyň we wezipeli adamlaryň ýaş graždanlara edilýän sosial
hyzmatlaryň möçberiniň azalmagyna, edil şonuň ýaly -da kepillendirilen dereje bilen
deňeşdireniňde şolaryň hiliniň ýaramazlaşmagyna elýeter kararlar y kabul etmäge we durmuşa
geçirmäge haky ýokdur.
Döwlet we jemgyýetçilik organlarynyň, wezipeli adamlaryň bikanun hereketleri graždanin
tarapyndan, ýagny hukugy bozulan tarapyndan, onuň wekili, şeýle hem ýaşlaryň işleri baradaky
döwlet organy tarapyndan su da arz edilip bilner.
Döwlet ýaşlara sosial hyzmatlary edýän jemgyýetçilik we beýleki birleşmelere we guramalara
maliýe hem başga maddy taýdan zerur gerek kömegi berýär, olaryň işine ýeňillikli hukuk düzgüni
belleýär, şeýle hem döwletiň ykdysady taýdan düz günleşdiriş usullaryny ulanyp, ýaşlaryň sosial
taýdan berkemegine we ösmegine ýardam edýän ugurlara maýa goýumlarynyň goýulmagyny
höweslendirýär.

11-nji madda. Ýaş graždanlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň we olara goldawyň üpjün
edilmegi

Ýaş graždanlara we ýaş maşg alalara indiwidual ýaşaýyş -jaý gurl uşygy üçin ýer uçastoklaryny
bölüp bermekde ýeňillikler , ýaşaýyş öýleri ni we kwartiralary satyn almak üçi n, ýaşaýyş -jaý
gurluşygy kooperatiwlerine girmek üç in pa ý wznoslaryny töl emäg e, öý hojalygyny edinmäg e, uzak
ulanar ýaly gerekli öý go şlaryny edinmäge , kommersiýa esasynda we b eýleki maksatlar üçin
hereket edýän okuw jaýlaryndaky okuwlar üçin tölegleri tölemä ge uzak möhletli kreditler
berýärler. .
Çagalary bar bolan ýaş maşgalalara berilýän ýeňillikleriň , kr editl eriň sanawy we şolary
bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär.
Çagaly ýaş maşgala lara ber ilýän kreditiň bir bölegi kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň
ýaşlar fondlarynyň serişdeleriniň hasabyna üzlüp bilner.

12 -nji madda. Ýaşlar t eleke çiligi

Ýaş graždanlara tele keç ilik işinde hukuk, ykdysady goldaw ber ilýär . Şol beril ýän goldaw
ýaşl ar kärhanalaryna salgyt salmagy, kredit bermegi, inwesti siýa boýunça ýeňillikler bermegi,

önümçilig i zerur ser işdeler hem -de önümçilik jaýlary, ýer uçastoklary bilen üpjün etmegi, şeýle
hem häzirki hereket edýän kanun hakynda habar we ony ulanmak boýunça usullaýyn maslahatlar
bilen üpjün etmegi öz içine alýar.
Özünde işleýän ähli sostawyň 75 prosentinden az bolmadyk, ýaşy 30 -a çenli ýaş
graždanlardan ybarat kärhanalar ýaşlar kärhanalary hasaplanylýar. Şunda şolar ýaşlar birleşikleri,
fondlar tarapyndan, mekdepleriň okuwçylaryndan, talyplardan, şonuň ýaly -da ylmy -barlag,
innowasion hem -de önümçilige ornaşdyrylyş işini alyp barmak üçin kolle ktiwde 75 prosentden az
bolmadyk, ýaşy 35 -e çenli alymlardan ybarat döredilýär.
Okuwçylaryň zähm eti ula nylýan kärhanalar, eger şolaryň sany ähli işleýänleriň sanynyň 75
prosentinden az bolmadyk bölegini düzýän bolsa, onda olar peýdadan alynýan salgydy töle mekden
boşadylýar, galan ýaşlar kärhanalary özleriniň bellige alnan pursatyndan başlap, peýdadan alynýan
salgydyň Kanun tarapyndan bellenilen 50 prosent möçberindäki stawkasyndan iki ýylyň
dowamynda boşadylýar.
Çagalar hem -de ýaşlar üç in ni ýetlenen sosial -medeni obýektleriň gurluşygy we olary
saklamak üçin kärhanalaryň çykdajylary, ýaşlaryň beýleki sosial problemalarynyň çözgüdine harç
edilýän serişdeler kärhanalaryň salgyt salynýan girdejisinden bölünip aýrylýar.

III BAP.
DÖWLETIŇ ÝAŞLAR SYÝASATYNY AMALA AŞYRMAGYŇ YKDYSADY
MEHANIZMLERI

13 -nji madsa. Ýaşlar syýasatynyň maliýeleşdirilmegi

Döwlet we ýerl i býujetlerde ýaş lar syýasatyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly
çär eleri ň maliýeleşd irilmegi üç in seri şdeler göz öňünde tut ulý ar. Döwlet we ýerl i býujetleriň
serişdeleriniň hasabyna şu aşak dakylar maliýeleşdirilýär :
-ýaşlar baradaky syýasaty amala aşyrmak babatdaky umumy döwlet we ýerli toplumlaýyn
hem -de ýörite programmalar ;
-ýaşlaryň işi boýunça dö wlet organyn yň garamagyndaky wedomstwolary ň obýektleriniň
gurlu şygyna we olary saklamaga, şeýl e hem ýaşlaryň sosial p roblemalaryny çözmegi üpjün ed ýä n
çäreler i geçirmäge jemgy ýetçilik we beýleki guramalara berilýän ýörite niýetlenen subsidiýalar
boýunça çykdajylar;
– Türkmenistan tarapyndan baglaş ylan ha1kara şertnamalaryna la ýyklykda halkara ýaşlar
gatnaşyklaryny amala aşyrmak boýunça çykdajylar.

14 -nji madda. Ýaşlar syýasatynyň sferasyndaky programmalary mali ýe leşdirm egiň
çeşm eleri we tertibi

1. Ýa şlar syýasaty babatdaky programmalary mali ýele şdirmek üç in döwl et (merkezi) ýaş lar
fondy, şeý le hem we laýatlarda , etraplarda we etraplara deňeşdirilen şäherlerde ýaşlar fondlary
döredilýär.
Zähmetkeşler kollekt iwleriniň karary esasynda k ärhanalar, edaralar we guramalaryň ýaşlar
fondlary döredilip bi lner. Ýaşlar fonduny döretmek hakyndaky karar kollektiwiň şertnamasynda
görkezilmelidir.
Şular ýaş lar fondlaryny mal iýeleşdirmegiň çeşmeleri hasaplanýar :
-Býujetden goýberilýän pullar, ýuridiki we fiziki taraplardan gelýän haýyr -sahawat
düşewüntleri ;
-Ýaşl ar fondlarynyň düzümleýin kiçi bölümleriniň täjirçilik (kommersiýa) işinden girýän
girdejileri ;
-Türkmenistan yň kanunlary tarapyndan göz öňünde tutulan beýleki çeşmeler.

15 -nji madda. D öwl et (m erk ezi) ýaşlar fondy

Dö wlet (merkezi) ýaşlar fondy ýuridiki taraply hukuklara eýe bolan özbaşdak guramadyr.
Fond ýaşlaryň işleri baradaky döwlet organynyň ýanynda döredilýär.
Döwlet (merkezi) ýaşlar fondunyň serişdeleri şulara gönükdirilýär:
– ýa şlaryň okuw, ylmy, tehnologik, ekologik programmalaryny maliýeleşdirmäg e;
-ýaşlar telekeç iligini maliýe taýdan goldamaga ;
– mal iýe taýdan töwekgelligiň strahowaniýesiniň üpjün edilmegine we ýaş telekeçilige
kepilligiň (zamunlygyň) berilmegine.
Ýaşlar fon dlarynyň düzümleýin kiçi bölüml eri ustawdaky bell enen işi durmuşa geçirm äge şol
fondlara g önükdirilen girdejiden döwlet býujetine salgyt tölemekden boşadylýar.
Ýaşlar fondlaryny d öretmegiň, onuň işiniň tertibi Türkmenistanyň M inistrler kabineti
tarapyndan bellenil ýär.
IV BAP.
TÜRKMENISTANDA ÝAŞLARYŇ JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERIN IŇ
HUKUK ÝAGDAÝY

16 -njy madda. Ýa şlaryň birleşikl eri

Türkmenistany ň terr itoriýasy ndaky ýaşlar birl eşikl eri döwletiň ýaş graždanlary na mahsus
bolan b ähbitleri w e islegleri aňladýan meýletin jemgyýetçilik düzümidir. Ýaşlar birleşiginiň işine
esasan ýaşy 3 0-a çenli bolan adamlaryň gatnaşmaga hukugy bardyr.
Ýaşlaryň jemgyýetç ilik birleşiginiň ýaşy 30 -dan geçen agzalaryny ň sany şol birleşigiň
umumy sanyny ň on prosentinden geçm eli d äldir.
Ylmy we döredi jilik işgärlerinden düzülen ýaşlar birleşikleri üçin olary ň agzalarynyň aňryçäk
ýaşy 35 -e çenli artdyrylyp bilner.
Ýaşlar birleşigin iň ustawynda beýl eki d öwletl eriň graždanlarynyň we graždanlygy bolmadyk
adamlaryň şoňa agza bolmagy göz öňü nde tutulyp bilner.
Jemgiýetçilik birle şikl eri tarapyndan d öredilen we öz işini şolaryň usta wlaýyn wezipeleri niň
çä klerinde hem -de şolaryň ýolbaşçy organlaryny ň kararlary esasynda alyp barýan ýaş graždanlaryň
birleşikleri şol jemgy ýetçilik birleşikleriniň ýaşlar seksiýalarydyr (bölümleridir) we olar özbaşdak
ýaşlar birleşikleri diýlip hasap edilmeýär.
Ýaşlar birleşiklerine girm äge ýaş gražda nlary ň gönüden -göni ýa -da gytaklaýyn mejbur
edilmegine ýol berilmeýär, şonuň ýaly -da olaryň garaşly ýagdaýyny ulanyp, şol birleşikleriň işine
gatnaşmagyň gadagan edilmegi Türkmenistanyň kanunl ary tarapyndan göz öňünde tutulan tertipde
jogapkärçiligi alyp barýar.
Ýaşlar birleşiklerini guramagyň we onuň işiniň tertibi «Türkmenistanda jemgyýetçilik
birleşikleri hakyndaky» Türkmenistanyň kanuny bilen kesgitlenýär.

17 -nji madda. Döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynda ýaşlaryň
bähbitl erine wekilçilig e bolan hukuk

Ýa şlar birleşikleri döwlet häkimýet we dolandyryş organlarynda diňe öz agzalarynyň
bähbitlerine wekilçilik edýär. Ýaşlar birleşiginiň hiç biriniň hem Türkmenistanyň ähli ýaşlary nyň
bähbitlerini we höweslerini aňlatmakda agdyklaýynlyga bäsdeşlik etmäge haky ýokdur.

18 -nji madda. Türkm enistanyň ýaşlar birle şiklerine d öwlet goldawy

Döwlet organlary ýaşlar birleşiklerine maliýe, şeýle hem başga maddy goldawy berip biler.
Ýaşlar bir leşiklerine maliýe taýdan goldaw ýaşlar birleşikleriniň ýörite ýaşlar
programmalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanşykly inwestision (maýa goýumy) işinden alýan
girdejileriniň summalaryndan alynýan salgyda ýeňillikler bermek görnüşinde amala aşyrylýar.

Täze döredilen ýaşlar birleşiklerine olaryň işiniň birinji ýylynda degişli býujetiň serişdeleriniň
hasabyna bir gezeklik ssuda peşgeş berlip bilner.
Döwlet organlarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýaşlar birleşiklerine şolaryň
ustawyndaky belle nen wezipeleriň amala aşyrylmagy üçin jaýlary, desgalary we başga zerur emlägi
muzdsuz bermäge haky bardyr.

V BAP.
JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

19 -njy madda. Ýaş graždanlaryň we ýaşlar birl eşikleriniň şu Kanun arkaly berkidilen
hukuklaryny ň kepillendirilmegi

Şu Kanuny ň durmuşa geçirilişine gözegçilik (kontrollyk), ýaşlaryň işleri baradaky döwlet
orgnynyň üstüne ýüklenilýär.
Döwlet organlary, kärhanalar, edaralar, guramalar we wezipeli adamlar özleriniň
ygtyýarlarynyň we borçlarynyň çäklerinde Türkmenistanda dö wletiň ýaşlar syýasatyny durmuşa
geçirmegi üpjün edýär. Ýaşlaryň hukukaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmegi ýerine
ýetirmezlikde ýa -da borçlaryň degişli däl derejede berjäý etmekde günälenýän wezipeli adamlar
Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti
Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1993 -nji ýyl, 1 -nji oktýab r
№ 875 -ХП

-->