Resolution 6135 on Improvement of the Procedure of Entry, Exit and Stay of Foreign Citizens in Turkmenistan

For optimal readability, we highly recommend downloading the document PDF, which you can do below.

Document Information:

  • Year:
  • Country: Turkmenistan
  • Language: Turkmen
  • Document Type: Domestic Law or Regulation
  • Topic:

This document has been provided by the International
Center for Not -for -Profit Law (ICNL).

ICNL is the leading source for information on the legal environment for civil society and public
participation. Since 1992, ICNL has served as a resource to civ il society leaders, government officials, and the
donor community in over 90 countries.

Visit ICNL’s Online Library at https://www.icnl.org/knowledge/library/index.php
for further resourc es and research from countries all over the world.

Disclaimers Content. The information provided herein is for general informational and educational purposes only. It is not intended and should not be construed to constitute legal advic e. The information contained herein may not be applicable in all situations and may not, after the date of its presentation, even reflect the most current authority. Nothing contained herein should be relied or acted upon without the benefit of legal advic e based upon the particular facts and circumstances presented, and nothing herein should be construed otherwise. Translations. Translations by ICNL of any materials into other languages are intended solely as a convenience. Translation accuracy is not guaranteed nor implied. If any questions arise related to the accuracy of a translation, please refer to the original language official vers ion of the document. Any discrepancies or differences created in the translation are not binding and have no legal eff ect for compliance or enforcement purposes. Warranty and Limitation of Liability. Although ICNL uses reasonable efforts to include accurate and up -to-date information herein, ICNL makes no warranties or representations of any kind as to its accuracy, cur rency or completeness. You agree that access to and use of this document and the content thereof is at your own risk. ICNL disclaims all warranties of any kind, express or implied. Neither ICNL nor any party involv ed in creating, producing or delivering th is document shall be liable for any damages whatsoever arising out of access to, use of or inability to use this document, or any errors or omissions in the content thereof.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

21 Baýdak 2003 ý. 6135 şgabat ş.

Da şary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmeginiň, ondan gitmeginiň we onda
bolmagynyň tertibini kämilleşdirmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň
çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 2, 103 – madda)

(Türkmen istanyň Prezidentiniň 31.05.2004ý çykaran № 6738, 13.07.2005 ý. çykaran
№ 7367 we 11.05.2010 ý. çykaran № 11056 kararlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmegini, ondan gitmegini we onda bolmagyny
mundan b eýläk -de tertipleşdirmek, daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy ýok adamlary ýaşaýan
ýerinde hasaba almagy üpjün etmek, olaryň Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryny berjaý edişine
gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 1-nji bölümi Türkme nistanyň Prezidentiniň 11.05.201 0 ý. çykaran № 11056 karary
esasy nda güýjüni ýitiren .
2. Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmeginiň, ondan gitmeginiň we onda
bolmagynyň tertibiniň bozulandygy üçin jogapkarçiligi güýçlendirmek maksady bilen;
a) daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy ýok adamlaryň şu karar bilen tassyklanylan
Düzgünnamany we daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmeginiň, ondan gitmeginiň we onda
bolmagynyň tertibini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny bozmagy iň pes
zähmet hakynyň 10 -ysyndan 20 -sine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa -da soňra
Türkmenistana gelmegi 5 ýyla çenli möhlete çäklendirmek bilen Türkmenistandan çykarylmagyna;
b) Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy ýok adamlary kabul e dýän eýeçiligiň
ähli görnüşlerindäki kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň wezipeli adamlarynyň olary hasaba
almagyň, olara ygtyýarnamalary resmileşdirmegiň we uzaltmagyň, olar üç in Türkmenistanda
ýaşamaga, hereket etmäge we ýaşaýan ýerini üýtgetmäge hukuk üçin namalary resmileşdirmegiň
bellenilen tertibini bozmagy iň pes zähmet hakynyň 10 -ysyndan 20 -sine çenli möçberde jerime
salyn magyna;
ç) daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy ýo k adamlary hususy işler boýunça Türkmenistana
çagyran raýatlaryň olary öz wagtynda hasaba almagy üpjün etmek, şeýle hem geliş
ygtyýarnamalarynyň möhletiniň geçmegi bilen olaryň Türkmenistandan gitmegini üpjün etmek
boýunça çäreleri görmezligi, şonuň ýaly -da daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy ýok adamlara
bellenilen kadalary bozup, ýaşaýyş jaýyny, ulag serişdelerini bermegi ýa -da olara beýleki
hyzmatlary etmegi iň pes zähmet hakynyň 10 -syndan 20 -sine çenli möçberde jerime salynmagyna
eltýär diýip bellemeli .
3. "Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmeginiň, gitmeginiň we bolmagynyň tertibini
kämilleşdirmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999 -njy ýylyň Ruhnama aýynyň 9 -ynda
çykaran № 4348 karary bi len tassyklanylan, Daşary ýurt raýatlarynyň Türkme nistana gelmeginiň,
gitmeginiň we bolmagynyň tertibi hakyndaky Düzgünnamany (Türkmenistanyň Prezidentiniň
namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 -njy ýyl, № 9, 473 –
nji madda);
"Türkmenistanyň konsullyk ýygymlaryny almagyň te rtibi hakyndaky Düzgünnamany
tassyklamak barada" Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002 -nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 30 -ynda
çykaran № 6041 kararyny g üýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
4. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrli gi we
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we

goşmaçalary Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna girizmek hakyndaky teklipleri bir hepde
möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine be llenilen tertipde bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Saparmyrat Türkmenbaşy